Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 14-nji awgustynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, türk tarapyna Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler.

Ýokary we iň ýokary derejedäki gepleşikleriň, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleriň gatnaşyklaryň ilerledilmeginde esasy görkeziji bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda şu ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän saparlara we duşuşyklara aýratyn üns berildi.

Diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garadylar. Ministrler Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hem-de halkara we sebit guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklara aýratyn üns berýändiklerini tassykladylar.

Ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça hereketleri utgaşdyrmaklygyň zerurdygyny nygtap, taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň we Türkmen-türk işewürler geňeşiniň orny barada belläp geçdiler. Energetika pudagy, şeýle hem ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ýola goýulmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar medeni dialogy giňeltmek meselelerine garadylar. Ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylyk beýan edildi.

Şunuň bilen bir hatarda, 13-nji awgustda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-türk geňeşmeleri, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we tükelleýiş işlerini geçirmek boýunça geňeşmeler, şeýle hem Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary syýasy edaralarynyň maglumat howpsuzlygy bölümleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Geňeşmelere Türkmenistanyň we Türkiýäniň DIM-leriniň hem-de degişli pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleriň dowamynda taraplar konsullyk we wiza ugrundaky birnäçe meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak boýunça tekliplere seredildi.

Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň wekilleri hereket edýän döwletara, hökümetara we pudagara ylalaşyklar, şeýle hem häzirki wagtda taraplaryň garamagynda duran şertnamalaryň taslamalary babatynda pikir alyşdylar.

Maglumat howpsuzlygy pudagynda taraplar kiber howpzulygy üpjün etmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hem-de sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan howplara garşy durmak boýunça meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, Türkiýä amala aşyrylan saparyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini hatyralamak üçin Ankara şäheriniň «Türkmenistan» seýilgähinde ýerleşýän türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldarynyň ýadygärligine gül çemenini goýdy.