Ankara şäherinde Türkmenistana bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Ankara şäherinde «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk düşünjesi we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly, Gündogaryň beýik akyldar-şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndysynyň türk dilindäki täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy, Ýewraziýa ykdysady gatnaşyklary assosiasiýasy (EkoAvrasya) we TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan guraldy.

Maslahata Türkiýäniň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik we ylmy jemgyýetçiliginiň, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar we KHBS-i gatnaşdylar.

Ylmy maslahatda çykyş edenler Magtymgulynyň eserlerindäki ynsanperwerlik ýörelgeleriň ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şahyryň döredijiligi diňe bir türkmen edebiýatynda aýratyn orny eýelemän, eýsem dünýä medeniýetiniň gymmatlygydyr. Çärä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, şeýle maslahatlaryň geçirilmegi Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň giňelmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Soňra Magtymguly Pyragynyň türk dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Mundan başga-da, tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri gatnaşyjylara, Türkiýede geçirilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli köp sanly çäreleri gurnamakda we geçirmekde işjeň goldaw beren wekillere gymmat bahaly sowgatlary we minnetdarlyk şahadatnamalary gowşurdylar.

Bulardan başgada, maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň sebitleýin we bütindünýä derejesindäki ähmiýetini hem nygtadylar.

Şeýle hem, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi we wideo ýazgylaryň görkezilşi guraldy.