Stambul şäherinde Parahatçylyk we ynanyşmak halkara ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Medipol Uniwersitetiniň binasynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygy (ş Stambul) we türkmen talyp ýaşlary bilen bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýylyň Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýörite baýramçylyk sergi-tanyşdyryş çäresi geçirildi.
Çäräniň çäklerinde Medipol uniwersitetinde okaýan talyplaryň we akademiki jemgyýetiň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen medeniýetine bagyşlanan dabaraly konsert guraldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň pawilýonynda baýramçylyk sergi-çäresine gatnaşan birnäçe daşary ýurtly myhmanlara, talyp ýaşlara Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyndaky esasy üstünlikleri, halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän möhüm başlangyçlary we birek-birege gyzyklanma döredýän meseleler boýunça giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, ýurdumyzda Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde alnyp barylýan çäreler hakynda giňişleýin tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistan baradaky wideo ýazgylar görkezildi hem-de sergä gatnaşan myhmanlara türkmeniň milli tagamy bolan Palawy hödür edildi.