TÜRKMENISTAN V AZIÝA OÝUNLARYNA TAÝÝARLANÝAR

Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe güýçli depginler bilen özgerýän Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Türkmen halky bol-elin durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde sport desgalary we mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Bu bolsa biziň halkymyzy, hususan-da ösüp gelýän ýaş neslimizi beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetler bolmak ugrunda sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar. Türkmenistan döwletimiziň halkara arenasyndaky sport abraýy barha artýar. 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek ägirt uly sport çäresi bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Kuweýtiň paýtagty El-Kuweýtde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň arasynda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda” iki taraplaýyn şertnama gol çekildi. 2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň düýbi tutuldy.

Sebitde iri Olimpiýa şäherjigi 157 gektar meýdanda ýerleşer. Bu Olimpiýa şäherjigi 30-dan gowrak dürli desgany, şol sanda ýaşaýyş-durmuş, ulag we beýleki üpjünçilik ulgamlaryny öz içine alýar. Täze guruljak desgalaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna barabardyr . Bu şäherjigiň gurluşygy üç tapgyrda amala aşyrylar. Şeýlelikde 2014-nji ýylda Olimpiýa şäherjiginiň birinji tapgyrynyň, 2015-nji ýylyň dekabrynda bolsa ikinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetini döretmek hakynda Karara gol çekdi. 

2014-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna birinji gezek Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşmagy barada degişli resminama gol çekildi. Gol çekişlik dabarasynda Hormatly Prezidentimiziň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Sport meýilnamasyna ozal ylalaşylan 19 sany sport görnüşine goşmaça Türkmen milli göreşi bilen Atly sportyň päsgelçiliklerden bökmek görnüşini (Konkur) goşmagy teklip etdi. Hormatly Prezidentimiziň beren teklibi Aziýa Olimpiýa Geňeşi tarapyndan makullanyldy we bilelikde tassyklanyldy. 

“Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly diýlip yglan edilen 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu oýunlaryň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli guraljak dabaraly atly ýörişe ak pata berildi. Bu atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny gurşap alar. Bu sport oýunlarynyň şygary hökmünde “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” diýen sözlerden ugur alyp “Sagdynlyk, Ruhubelentlik, Dostluk” şygary saýlandy. Bu şygar Türkmen halkymyzyň gündelik durmuşynda ähmiýetli oruna eýedir. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýynyň has-da belende göterilmeginiň we ýaş nesillerimizi sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrmagyň kepili boljakdygyny ynam bilen aýtmak bolar.