STAMBULDA TÜRKMENİSTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

STAMBULDA TÜRKMENİSTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde günsaýyn özgerýän Türkmenistan döwletimiz dünýä arenasynda we sebitde nusgalyk ýurtlaryň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny deň derejede ösdürmek maksady bilen pudaklara uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimizde türkmen halkynyň baý medeniýetine we müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhyna goýýan sarpasy hökmünde 2016-njy ýyl “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeginde we daşary ýurtlarda ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. Bu ylmy-amala maslahatlaryň baş maksady Gahryman Arkadagymyzyň dünýä jemgyýetçiligine teklip edýän parahatsöýüjilikli başlangyçlary we hoşniýetli gatnaşyklary ündeýän çykyşlary barada wagyz etmek bolup durýar.

2016-njy ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan, Stambul şäheriniň Zeýtinburnu etrabynyň medeniýet merkezinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy we 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahata dürli ylmy we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, wekilleri, ildeşlerimiz we Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde ýokary bilim alýan türkmen we türk talyplar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, Zeýtinburnu etrabynyň häkimi Murat Aýdyn, Türk dünýäsi häkimlikler birleşiginiň ýolbaşçysy Fahri Solak, Türkiýe-Türkmenistan raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nejdet Aýgün, Stambul uniwersitetiniň mugallymy Nurjan Güder we ildeşlerimiz çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan dostlukly syýasaty, döwletimiziň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda ýetilen belent sepgitler, ýurdumyzda medeniýetimize goýulýan sarpanyň alamaty hökmünde geçirilýän ylmy maslahatlar, Türkmenistan we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary barada durup geçdiler.

Maslahatyň dowamynda çykyş eden ildeşlerimiz Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy we ýurdumyzyň ýeten derejesi barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Ýokary ylmy häsiýete eýe bolan bu maslahat türkmen we türk talyplary tarapyndan okalan Mähriban Arkadagymyzy we Ata Watanymyzy wasp edýän goşgular, ýerine ýetirilen aýdym-sazlar we türkmen milli tanslary bilen dowam etdi. Bu ylmy we medeni çäräniň ahyrynda maslahata gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür-kerem edildi.