TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE DÖWREBAP OBANYŇ AÇYLYŞYNA GATNAŞDY

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE DÖWREBAP OBANYŇ AÇYLYŞYNA GATNAŞDY

Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazow adyndaky etrapda gurlan Bagtyýar zaman täze obasynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Ýokary amatlygy bolan täze nusgalyk obalaryň gurulmagy mähriban topragymyzyň ähli künjegini gurşap alan, giň möçberli düýpli özgertmelere beslenen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp we häsiýetli alamatydyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen obasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir.

Şunda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek meseleleriniň çözülmegi oba adamlarynyň has oňaýly durmuş şertlerini döretmäge we döredijilikli zähmet çekmegini üpjün etmäge gönükdirilen durmuş ulgamyna degişli wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen döwrebap oba geldi. Döwlet Baştutanymyzyň 2012-nji ýylyň aprelinde gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, bu ýerde durmuş, dolandyryş we beýleki desgalaryň uly toplumy bina edildi. Täze oba 114 gektar meýdançada ýerleşýär.

Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimizi garşylaýar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýar.

Soňra milli Liderimiz täze oba alyp barýan ýolda gurlan merkezi girelgä barýar. Dabaraly pursat gelip ýetýär: bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, döwrebap Bagtyýar zaman obasyny açýar. Bu gün onuň çäklerinde uly türkmen toýy ýaýbaňlandy. Halkymyzyň milli däp-dessurlaryny özünde jemlän ajaýyp döredijilik çykyşlary bu toýa gaýtalanmajak özboluşly many-mazmun berýär. Hormatly Prezidentimiz körpe oba ýaşaýjylary — oglanjyklar we gyzjagazlar bilen bilelikde toý mukamlarynyň owazy astynda obanyň ýaşaýyş toplumyna tarap ugraýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy barýan ýolunyň ugrunda medeniýet hem-de sungat işgärleri, halk döredijilik toparlary aýdymlar we tanslar bilen garşylaýar. Bagşylar dutarda saz çalmagyň hem-de dessan aýtmagyň ussatlygyny görkezýär.

Täze obada dürli ähmiýetli köpsanly desgalar, 500 maşgala niýetlenen amatlylygyň hemme şertleri bilen üpjün edilen 274 sany 1 gatly 4 otagly hem-de kottej görnüşli 226 sany 2 gatly 6 otagly ýaşaýyş jaýlary gurlupdyr. Mundan başga-da, bu ýerde ýerli dolandyryş üçin edara binasy, mekdep, çagalar bagy, saglyk, medeniýet we hyzmatlar öýleri, telefon bekedi, “Toý mekany”, söwda merkezi, birnäçe dükanlar, metjit guruldy.

Bu desgalaryň ählisiniň taslamalary häzirki zaman talaplary nazarda tutulyp düzüldi hem-de enjamlaşdyryldy. Iki gatly dolandyryş binasynda işgärleriň iş otaglaryndan başga-da, uly we kiçi maslahatlar zaly bar. Hemme gulluk otaglary zerur edara enjamlary, kompýuter tehnikalary, degişli aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edildi.

Bu ýerde gurlan oba saglyk öýüniň iň täze ýöriteleşdirilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň, maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Çeper höwesjeňler döredijiliginiň ösdürilmegi, ilatyň, şol sanda ýaşlaryň sungat dünýäsine ýakynlaşmagy, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmek üçin has oňaýly şertler we mümkinçilikler göz öňünde tutulan ajaýyp Medeniýet öýi hem täze obanyň ýaşaýjylarynyň ygtyýaryndadyr.

Täze obanyň “Miras” diýen uly söwda merkezi alyjylara esasan ýurdumyzda öndürilen dürli azyk we senagat harytlarynyň giň görnüşini hödürleýär. Iki gektardan gowrak meýdanda ýerleşýän merkez dükanlaryň 113-sini, söwda orunlarynyň 226-sy bolan bazary, dolandyryş binasyny özünde jemleýär. 

Obadaky “Döwletli” durmuş hyzmaty öýüniň, iki gatly 500 orunlyk “Toý mekanynyň” binalarynyň şäherdäkiden kem däldigini bellemek gerek.

Bagtyýar zaman obasynyň körpeleri üçin çagalar bagy we mekdep bar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda bina edilýän ähli mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralary hökmany suratda öňdebaryjy tehnologiýalar, häzirki zaman multimediýa we interaktiw bilim enjamlary bilen üpjün edilýär.

Mundan başga-da, täze obada 550 telefon belgili, kabel hojalykly aragatnaşyk edarasynyň binasy guruldy. Bu ýerde zerur bolan ähli ulag we inžener-tehniki düzümler, şol sanda içki gara ýollar, suw geçirijiler, lagym we elektrik ulgamlary, gaz geçiriji çekilipdir. 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Bagtyýar zaman obasyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň birine baryp gördi. Bu ýerde öý eýeleri goşa toý toýlaýar. Olaryň täze jaýa göçüp gelen günleri bäbejik dünýä inip, “bäbek toýy” tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba ýaşaýjylaryny täze öýe göçüp gelmegi hem-de maşgalada çaganyň dünýä inmegi bilen gutlap, halkymyzyň abadançylygynyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady.  Milli Liderimiziň adyndan öý eýelerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze obanyň açylmagy mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara we oba adamlaryna ýene-de bir gezek bagt we maşgala abadançylygyny arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.