Halkara ulag resminamalarynyň tassyklanylmagy

Halkara ulag resminamalarynyň tassyklanylmagy

2016-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi Serhetlerde ýükleriň barlagyny geçirmegiň şertlerini ylalaşmak hakynda halkara Konwensiýasyny we «Gury portlar» hakynda hökümetara Ylalaşygyny tassyklady.

Türkmenistanda milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulag pudagynyň maddy-tehniki esasyny toplumlaýyn kämilleşdirmäge, hereket edýän ulag-kommunikasiýa torlaryny giňeltmäge we täze görnüşlerini döretmägegönükdirilen täze milli maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär. Türkmenistan tarapyndan tutuş sebitiň gyzyklanmalaryna gabat gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen esaslaýyn başlangyçlar öňe sürüldi.

Bularyň ählisi milli ulag ulgamynyň halkara kommunikasion infrastrukturasyna işjeň ornaşmagyna ýardam bermäge, ýurdumyzda olaryň amatly geografiki ýerleşişini nazara alyp,ulagyň ähli görnüşleriniň daşalmagynyň sebitleýin sazlaşygyny üpjün edýäniri logistika merkezlerini döretmäge gönükdirilendir.

Bu halkara resminamalarynyň tassyklanylmagy häzirki zaman ulag infrastrukturasyny döretmek boýunça ädimleriň biri bolup durýar.