Habar beriş serişdeleri üçin Maglumat

Habar beriş serişdeleri üçin Maglumat

24-nji ýanwarda Täjigistanyň “Awesta” Habarlar Agentligi tarapyndan Täjigistanyň Döwlet Demir ýollary kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Usman Kalandarowyň täjik tarapynyň Özbegistanyň üsti bilen Türkmenistanyň daşyndan aýlanyp Russiýa geçjek demir ýol gatnawlarynyň açylmagy baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşýandygy hakyndaky beýanaty ýaýradyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmen tarapynyň Täjigistanyň resmileriniň şeýle çykyşlaryna çuňňur düşünmezligini beýan edýär.

Däp bolan türkmen-täjik dostluk gatnaşyklaryna esaslanyp, Türkmenistan Täjigistanyň gatnaşmagynda iki ýurduň arasynda ulag-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy barha giňeltmäge gönükdirilen birnäçe anyk taslamalary ýola goýdy. Türkmen tarapynyň pikirine görä, iki goňşy döwletiň bu babatda netijeli işjeňligi, sebitde ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine we Aziýada ulag-üstaşyr kuwwatlylygy berkitmäge goşant goşup biler.

Emma, Täjik demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň biriniň beýanaty ýokarda agzalan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik bermeýär. Täze “Türkmenistanyň daşyndan aýlanyp geçjek” demir ýol geçelgesi barada aýtmak bilen, döwlet işgäri, ýokary derejede ylalaşylan, Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda ýakyn döwürde demir ýol ulaglary boýunça Täjigistandan Türkmenistanyň üsti bilen üçünji ýurda demir ýol arkaly ýük we ýolagçy gatnawlaryny artdyrmak barada özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen ylalaşyklary ýatdan çykarýar. Bularyň iň esasylarynyň biri hem, birinji tapgyry türkmen demir ýol gurluşyklary tarapyndan geçen ýylyň noýabr aýynda gurlup ulanmaga tabşyrylan Türkmenistan-Täjigistan-Owganystan demir ýolu bolup durýar.

Türkmen tarapy jenap Usman Kalandarowyň beýanatyny gumanitar nukdaý nazardan hem gödek diýip hasap edýär. Bilşimiz ýaly, dostlukly goňşy ýurduň agyr pursatlarynda Türkmenistan doganlyk täjik halkyna hemişe öz kömegini berdi. Aýratyn hem, iki döwleti birikdirýän demir ýol ugry boýunça, klimat bilen baglanyşykly hadysalar zerarly ejir çeken adamlara zerur ätiýaçlyklary boýunça Türkmen tarapy ençeme gumanitar kömegini iberdi. Türkmenistan, doganlyk täjik halkyna, mundan beýläk hem öz kömegini berjekdigini beýan edýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, ýokarda bellenenleri nazarda tutup, Täjigistan resmileriniň şunuň ýaly beýanatlaryna Täjigistan tarapynyň içgin we jogapkärli çemeleşjekdigine we öňüni aljakdygyna umyt bildirýär.

Metbugat gullugy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi