BILEJIK ŞEÝH EDEBALI UNIWERSITETINDE DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

BILEJIK ŞEÝH EDEBALI UNIWERSITETINDE DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 6-njy maýynda, Baş konsullygymyzyň konsullyk çägindäki Bilejik welaýatynda ýerleşen Bilejik Şeýh Edebali Uniwersitetiniň Şeýh Edebali medeniýet we maslahatlar merkezinde, bu ýokary okuw mekdebiniň Halkara talyplar kluby tarapyndan “Yklymlaryň reňkleri we sesleri” ady bilen dabaraly maslahat guraldy. Bu maslahata Şeýh Edebali jemgyýetiniň ýolbaşçysy, Halkara talyplar klubynyň akademiki geňeşçisi, uniwersitetiň mugallymlary hem-de bu okuw mekdebinde bilim alýan daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar. Maslahat Halkara talyplar klubynyň akademiki geňeşçisi professor doktor Ahmet Akyň eden çykyşy bilen açyk diýlip yglan edildi. Maslahatyň dowamynda, Türkmenistandan, Saud Arabystandan, Albaniýadan, Kosowadan, Owganystandan, Somaliden, Azerbeýjandan, Çaddan we Türkiýeli talyplardan öz ýurtlary barada gyzykly maglumatlary berýän tanyşdyryş çykyşlaryny gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdiler. Şeýle hem, dürli ýurtlardan gelen talyplar öz dillerinde milli goşgulary we aýdymlary ýerine ýetirdiler. Dabaraly maslahatda, Umida Islamowa atly türkmen talyby ene dilimizde “Eziz Watanym” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Bu aýdym gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, joşgunly el çarpyşmalara mynasyp boldy.

Bu dabaraly maslahatyň geçirilen ýerinde, Baş konsullygymyz tarapyndan, Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan sergi guraldy. Bu sergini synlamaga gelenlere, ýurdumyzda geçiriljek ägirt uly sport çäresi bolan Aziada-2017-ni mahabatlandyrýan kitapçalar we žurnallar paýlanyldy hem-de bu oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin döredilen ajaýyp şertler barada maglumat berildi. Berkarar döwletimiz baradaky tanyşdyryjy maglumatlar gatnaşyjylar tarapyndan gyzyklanma bilen garşylanyp, Aziada-2017-niň geçirilmegi üçin ýörite gurlan Olimpiýa şäherjigi sergä gelenleriň, aýratyn-da sport janköýerleriniň ünsüni özüne çekdi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu Olimpiýa şäherjigi, türgenler we tomaşaçylar üçin döredilen ýokary amatlyklary bilen tapawutlanyp, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny barha ýokarlandyrmaga uly goşant goşar.