Stambul şäherindäki Jemal Reşit Reý konsertler zalynda Aziada-2017 sergisi geçirildi

Stambul şäherindäki Jemal Reşit Reý konsertler zalynda Aziada-2017 sergisi geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan, 2017-nji ýylyň 15-nji maýynda, Türkiýe Respublikasynyň Telewideniýe we Radio guramasynyň gurnamagynda geçirilýän “TRT Documentary awards” atly 9-njy halkara festiwalynyň çäklerinde, “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edilen 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp sergi guraldy. Festiwalyň geçirilýän ýeri bolan Stambul şäheriniň Harbiýe sebitinde ýerleşýän Jemal Reşit Reý konsertler zalynyň girelgesinde ýaýbaňlandyrylan bu sergide, Aziada-2017 barada giňişleýin maglumat berýän görkezme esbaplary, kitapçalar we žurnallar ýerleşdirildi. Milli lybasymyzy geýnen türkmen talybymyz, sergä gelenleri türkmen saçagynyň naz-nygmatlary bilen garşylady.

Aziada-2017 oýunlary bilen bir hatarda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde ösüşlere beslenýän milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary barada maglumat berýän neşirler hem gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Şeýle hem, ýurdumyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerini wagyz edýän bu sergide, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimiziň we baý taryhymyzyň ajaýyp gymmatlyklarynyň görnükli nusgalary hödürlendi. Türkmen halkynyň nepis halylary, ýelden ýyndam bedew atlary we gara öýleri barada maglumat berýän materiallar hem sergide görkezildi.

Örän gelim-gidimli we ýokary netijeli häsiýete eýe bolan bu sergä gelenler, Berkarar Watanymyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleri bilen tanyş boldular hem-de ýurdumyzda geçiriljek Aziada-2017 oýunlary üçin ýörite gurlan Olimpiýa şäherjiginiň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandylar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk özboluşly binagärlik eseri bolan bu Olimpiýa şäherjigi, türgenler we janköýerler üçin hödürleýän ýokary amatlyklary bilen tapawutlanýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin döredilýän şertler, sergä gelenlerde uly täsirleri galdyrdy hem-de bu oýunlara tomaşaçy hökmünde gatnaşmaga bolan uly höwesi döretdi. Sergini synlamaga gelenlere, Aziada-2017 oýunlary bilen tanyşdyrýan kitapçalar we žurnallar paýlanyldy.