«AŞGABAT 2017» OÝUNLARYNYŇ ALAWY ÝAKYLDY

«AŞGABAT 2017» OÝUNLARYNYŇ ALAWY ÝAKYLDY

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 500 gün galanda gadymy Nusaý galasyndan deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berildi. Atly ýigitlerimiz güneşli Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda bolup, üstünlikli ýöriş etdiler.

Şu gün bolsa, bu taryhy ýörişe gatnaşýan atly ýigitlerimiz dünýäde belli, iň uly gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» ojagyndan Aziýa oýunlarynyň alawyny alyp, Aşgabat şäherine ýola düşerler.

Biz halkymyzyň asylly ýörelgesinden ugur alyp, ýakyn geljekde diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebitiň halklary üçin hem rysgal-bereket getirjek dünýäde iň uly “Galkynyş” gaz ojagyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawyny milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýakmagy makul bildik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş” ojagynyň golaýynda gadymy obany ýatladýan köp sanly ak öýler dikildi.

Ýigitler ajaýyp bedewlerde taýýar bolup durlar. Mergen ýigit ýaýyň peýkamyny asmana –Güne tarap gönükdirip, ýaýy atýar. Şu ýerde täsin pursat ýüze çykýar. Mawy asmanda nur saçyp duran Gün şöhleleri peýkamyň ujunda uçgun döredýär. Gün nurundan ot alan peýkam asmandan ýere inip, ak öýüň ortasyndaky ojar odunly ojaga düşýär. Ojakdaky ojar tutaşyp, ataş ýanyp başlaýar.

Häzirki wagtda bu ýerde, sözüň doly manysynda, ägirt uly “Galkynyş” gaz ojagy ýerleşýär.

Halkara ölçegine laýyklykda, gaz ýataklary kiçi, orta, iri, örän uly we ägirt uly (ýa-da täsin) ýataklara bölünýär. Olaryň soňkusyna, ýagny, ägirt uly ýataklara 5 trillion kub metrden we şondan ýokary gorlary bolan ýataklar degişlidir. Şeýle ýataklar dünýäde örän azdyr. Gury ýerde iň iri kän hökmünde türkmen “Galkynyş” ojagy ykrar edildi. Onuň gorlary 26,2 trillion kub metr gaza barabardyr.

Hut şoňa görä-de, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawy energiýanyň ägirt uly gorunyň ýerleşen ýerinde ýakyldy. “Galkynyş” ojagy — munuň özi biziň umumymilli Öýümiziň — Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň özboluşly ojagydyr!