Türkmenistanyň Prezidenti gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy

2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda geçirilen gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy.

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy 2008-nji ýylda döredilen halkara hökümetara guramasy bolup, ol oz duzumine 12 döwlet birlesdiryar: Alžir, Boliwiýa, Wenesuela, Müsür, Eýran, Katar, Liwiýa, Nigeriýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Trinidad we Tobago, Ekwotarial Gwineýa bu guramanyň agzalarydyr. 6 ýurt: Yrak, Gazagystan, Niderlandlar,  Norwegiýa, Oman we Peru synçy derejesine eýe bolup durýarlar.

Sammite gatnaşmak üçin Tährana gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumyna agza döwletleriň, synçy derejesine eýe bolan ýurtlaryň Prezidentleri we ýokary wezipeli wekilleri, belent mertebeli myhmanlar geldiler. Foruma şeýle hem halkara guramalarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmen Lideri ýokary derejeli Sammitde çykyş etmek bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi.