RSS

SOŇKY HABARLAR

10 Sen

TÜRKMENABATDA HALKARA AWTORALLISINIŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI BRIFING GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenabat şäherinde Žan-Lui Şlesseriň, «Amul-Hazar 2018» bäsleşiginiň direktory Rene Metsiň we rallä gatnaşýan meşhur türgenleriň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Mundan öň ekipažlaryň agzalaryna ilkinji ýol kitapçasyny paýladylar. Brifinge 25 ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Žan-Lui Şlesser brifingi açmak bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ralliniň guramaçylyk işlerine beren aýratyn ünsi we goldawy, awtospotyň...

DOWAMY
10 Sen

«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLI ÝARYŞYNYŇ DABARALY ÝÖRÜŞINE BADALGA BERILER

2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherinde «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyna bagyşlanyp dabaraly ýöriş geçiriler. Mundan başga-da, şu ýylyň 11-nji sentýabrynda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden «Amul-Hazar 2018» halkara ähmiýetli sport ýaryşyna badalga beriler. Häzirki wagtda agzalan halkara awtoralli ýaryşyna 20-den gowrak ýurtlardan 80-den köpräk ekipažlaryň gatnaşmagyna garaşylýar....

DOWAMY
7 Sen

TÜRKMEN NEŞIRLERI – ABRAÝLY HALKARA BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERINIŇ HATARYNDA

2018-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda otuz birinji Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäginde GDA agza-ýurtlarynyň arasynda “Kitap sungaty” atly 15-nji halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşik döwürleýin çap etme, kitap neşiri, kitaby ýaýratma we poligrafiýa boýunça döwletara geňeşiniň we Russiýa Federasiýasynyň Neşir we köpçülikleýin aragatnaşyk boýunça federal agentliginiň ýolbaşçylygynda 2004-nji ýyldan bäri yzygiderli esasda geçirilýär. Bäsleşigiň maksad...

DOWAMY
6 Sen

AWSTRIÝADA “TÜRKMENISTAN-BEYIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ YÜREGI” ATLY MAÝA GOÝUM WE HYZMATDAŞLYK MASLAHATY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5–6-njy sentýabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde “Türkmenistan-Beyik Ýüpek ýolunyň yüregi”  atly maýa goýum we hyzmatdaşlyk maslahaty geçdi. Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi babatynda wideo şekiller görkezildi, şeýle hem ykdyadyýet, daşary söwda, ulag, tebigy magdanlary gazyp almak we gaýtadan işlemek, hususy eýeçilik, salgyt salmak, senagat, agro-senagat, oba hojalyk, bank ulgamy, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylygyň ösmegi...

DOWAMY
4 Sen

AŞGABATDA MASYH AGZA ÝURTLARYNYŇ ÝÜK DAŞAÝJYLARYNYŇ ASSOSIASIÝASYNYŇ FEDERASIÝASYNYŇ 9-NJY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MASYH) agza ýurtlarynyň ýük daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň federasiýasynyň nobatdaky 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlise Hytaý Halk Respublikasynyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Mongoliýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ugurdaş edaralarynyň wekiliýetleri, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň, Bütindünýä...

DOWAMY
1 Sen

BERLINDE «MARGIANA – TÜRKMENISTANYŇ ÇÄKLERINDÄKI BÜRÜNÇ ASYRYNYŇ ŞALYGY» ATLY ÇÄRESI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda Berlin şäherinde Türkmenistanyň GFR-däki Ilçihanasy Berliniň Taryhy döwürden öňki we irki taryhy muzeýi bilen bilelikde 2018-nji ýylyň “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan edilmeginiň çäginde «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly çäresi geçirildi. Çärä GFR-iň Federal Kansleriniň diwanynyň, Federal Daşary işler ministrliginiň, Federal ykdysady we energetika ministrliginiň wekilleri, GFR-de akkreditirlenen diplomat...

DOWAMY
31 Awg

«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN MASLAHAT

2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda, Olimpiýa şäherjiginiň «Sport» myhmanhanasynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu çärä ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň işgärleri, «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça jogäpkär wekiller, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar...

DOWAMY