RSS

SOŇKY HABARLAR

30 Awg

AŞGABATDA TÜRKMEN-EMIRAT SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Myhmanlaryň wekiliýetine Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Ahmed Al Jerman ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy geljekde giňeltmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalary aýdyp, wekiliýetleriň ýolbaşçylary häzir...

DOWAMY
28 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE AHHG-NI ESASLANDYRYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITINIŇ NETIJELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň netijelerine bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň DIM-niň, AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, daşary ýurt döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistanda ýerleşýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, bilermen-ekologlar, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle hem gazet-žurnallaryň baş redakto...

DOWAMY
27 Awg

BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda (rezidensiýasy Ankara ş.) täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ebrahim Ýusuf Al-Abdulla bilen duşuşyk boldy.   Duşuşykda türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy iki döwletiň gyzyklanmalaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny bell...

DOWAMY
27 Awg

ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNY ESASLANDYRYJY DÖWLETLERIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammiti geçirildi. Sammitiň işine AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Prezidentleri, ýagny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigista...

DOWAMY
26 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI NURSULTAN NAZARBAÝEW BILEN DUŞUŞDY

2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ozal gazanylan ylalaşyklary, şeýle hem häzirki döwrüň syýasy, ykdysady, ekologiýa, energetika, ulag we beýleki möhüm ugurlarda...

DOWAMY
26 Awg

TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ DUŞUŞYGY BOLDY

2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ýurt Baştutanlary ikitaraplaýyn ýola goýulan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamy, suw diplomatiýasy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga hem...

DOWAMY
26 Awg

PREZIDENTLER GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BILEN ŞAWKAT MIRZIÝOÝEWIŇ ARASYNDA IKIÇÄK DUŞUŞYGY BOLDY

2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat  Mirziýoýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli myhman «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. Iki ýurduň Baştutanlary netijeli söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, ekologiýa we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ö...

DOWAMY