RSS

SOŇKY HABARLAR

24 Iýul

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARY

Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraply işinde möhüm waka bolup durýar. Ol gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkarar etmekde, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibini doly möçberli amala aşyrmakda, ähmiýetli halkara maslahatlaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar babatda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça agza döwletleri...

DOWAMY
24 Iýul

TÜRKMENISTANDA TÄZE DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY DÖREDILDI

2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen maslahatyň esasy meselesi milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň öňünde durýan möhüm wezipeler boldy. Täze institut Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurd...

DOWAMY
24 Iýul

TÜRKMENISTAN EÝRANYŇ HALKYNA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERÝÄR

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, käbir ministrliklere we edaralara Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz ynsanperwer kömegi bermek tabşyryldy. 2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda uçar bilen iberilen ynsanperwer...

DOWAMY
21 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mýätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar sebitde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we dünýä gün tertibiniň wajyp sorag...

DOWAMY
20 Iýul

BMG-NIŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA GEÇÝÄN ÝOKARY DEREJELI ÇÄRELERE GATNAŞMAK MAKSADY BILEN TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ NÝU-ÝORKA SAPARY DOWAM EDÝÄR

2018-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýorka dowam edýän saparynyň çäklerinde BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşygy geçirildi. A.Guterriş Türkmenistanyň BMG bilen dürli ugurlar boýunça ysnyşykly we işjeň hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Ol Türkmenistanyň howpsuzlyk meselelerinde, bosgunlar, migrasiýa, Öňüni alyş diplomatiýa boýunça Merkezi Aziýa üçin sebi...

DOWAMY
19 Iýul

ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝURDUŇ ULAG UGRUNDAKY «TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» WE AWTORALLI «АMUL-HAZAR 2018» DIÝEN BAŞLANGYÇLARY BARADA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri ýurduň ulag ulgamyndaky esasy başlangyçlary barada beýannama bilen çykyş etdiler.   Beýannamada Nýu-Ýorkda 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak» atl...

DOWAMY
19 Iýul

NÝU-ÝORKDA TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň ÖM-nyň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy tarapyndan, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligni üpjün etmekde täze energetika Beýik Ýüpek ýoly» atly tanyşdyryş dabarasy gurnaldy. Çärä gatnaşyjylar üçin TOPH taslamasy boýunça surat sergisi gur...

DOWAMY