Türkiýe Respublikasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ylmy konferensiýasy geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy Kyrşehir şäheriniň Ahi Ewran uniwersiteti bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy konferensiýasy geçirildi.

Geçirilen ylmy çärä Türkiýe Respublikasynyň Kyrşehir welaýatynyň Häkimi Murat Sefu Demirýürek, Kyrşehir şäherindäki Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory, professor Mustafa Kazim Karahojagil, Türkiýäniň jemgyýetçilik-syýasy edaralarynyň, döredijilik we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, talyp ýaşlar we köpçülik habar beriş serişdeleri wekilleri gatnaşdy.

Şunda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine, bu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine aýratyn üns çekildi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklarynyň filosofiýasynyň amaly beýanyna öwrülendigini bellediler.

Şeýle hem, ylmy konferensiýanyň dowamynda gatnaşyjylar howpsuzlyk meseleleri, halkara gatnaşyklaryny ynsanperwerleşdirmek, şeýle hem bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, eneligi we çagalygy goldamak, ylymda, döredijilikde we sportda ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi hem-de hemmetaraplaýyn ösmegi üçin şertler döretmek babatynda köptaraplaýyn düzümleriň çäginde Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň ugurlaryny görkezýän Konsepsiýa barada maglumat bilen tanyşdylar.

Maslahatyň çäginde Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ahi Ewran uniwersitetiniň kitaphanasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň türk dilinde neşir edilen kitaplarynyň nusgalary sowgat berildi.