PRESS-RELIZ

PRESS-RELIZ

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň hökümetiniň degişli agzalary Türkmenistana iş sapara bilen gelen Belarus Respublikasynyň Premýer Ministriniň orunbasary A. N. Kalininiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu duşuşygyň dowamynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn-da ýurdumyzda Belarus kompaniýalarynyň alyp barýan işleriniň birnäçesine seredildi.

Mälim bolşy ýaly, bu işleriň iň irisi hökmünde OAO “Belgorhimpromyň” gurýan Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyny görkezmek bolar.

Bu babatda, Türkmen tarapy Belarus tarapyna Belarus tarapynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigi üçin biynjalyklygyny beýan etdi.

Hususan-da, bu kärhananyň infrastrukturasynyň wajyp ähmiýetli käbir desgalary boýunça bellenilen möhletden yza galynýandygy barada anyk deliller getirildi.

Şeýle hem, Türkmen tarapynyň ençeme ýüzlenmesine garamazdan Belarus tarapy häzirki döwüre çenli galan birnäçe million ABŞ dollaryna barabar enjamlaryň Türkmenistana getirilmeginiň möhleti we indiki taslamalaryň aýratynlyklary barada hiç hili maglumat  bermedi.

Bulardan başga-da,  OAO “Belgorhimpromyň” bu kombinatynyň gurluşygynda zähmet çekýän türkmen raýatlarynyň aýlyk zähmet haklarynyň ençeme gezek gijikdirilendigi barada subutnamalar bellenip geçildi.

Şol bir wagtyň özünde, “türkmen tarapynyň öz üstüne alan maliýe borçnamalaryny ýetirmeýändigi barada” Belarussiýanyň we birnäçe habar-beriş serişdelerinde goýberilen habarlar Belarussiýasynyň Wise-Premýeriniň dykgatyna ýetirildi.

Munuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bu maglumatyň esassyz häsiýetdedigi barada aýdyldy. Şeýlelikde, buýrujy tarapyndan ýerine ýetirilen işler üçin degişli tölegleriň amala aşyrylmagy üçin “Belgorhimpromyň” gerekli bolan resminamalary öz wagtynda we doly görnüşde tabşyrmaýandygy  bellenip geçildi.

Ýokarda agzalanlary nazarda tutup, türkmen tarapy Belarus Respublikasynyň hökümetine Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygynyň öz wagtynda we üstünlikli tamamlanmagy babatynda gaýragoýulmasyz çäreleriň kabul edilmeginiň zerurdygyny nygtady.

                                                                                                                                                    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy

                                                                                                                                                                        2016-njy ýylyň 30-njy sentýabry