KHBS üçin maglumat

2024-nji ýylyň 19-njy iýulynda Aktau  şäherinde (Gazagystan) geçirilýän ilkinji «Demirgazyk–Günorta» söwda-logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşugyň barşynda ulag ulgamynda üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklrini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar geljekde Pakistana çykmagy nazara alamak bilen,  Gazagystan - Türkmenistan - Owganystan ugry boýunça ýükleri daşamagyň şertlerine garadylar. Şol bir wagtyň özünde, agzalan üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine (Owganystan) çenli uzajak demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine türkmen, owgan we gazak taraplarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Gepleşikleriň dowamynda «Gazagystan – Türkmenistan – Owganystan» ulag ugrunyň «Demirgazyk–Günorta» üstaşyr geçelgesiniň möhüm bölegi bolup durýandygy, onuň netijeli peýdalanmagynyň ýükleri daşamagyň başlangyç tapgyrda 5-den 8 million tonna çenli möçberde, geljekde bolsa, 20-den 30 million tonna çenli üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.

 

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy