"Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi

2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji  Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek”  gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi.

Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary,  ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary,  ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri taryhy waka -- Balkan welaýatynda örän iri energetika desgasynyň – «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz şu günki wakanyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap, bu gaz geçirijiniň uzynlygynyň 800 kilometre golaýlaýandygyny, onuň  ýyllyk kuwwatynyň  30 milliard kub metr tebigy gazy ibermäge niýetlenendigini belledi. Şunda taslamanyň bahasy 2 milliard 500 million amerikan dollaryndan hem geçýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gaz geçirijiniň öz ýurdumyzyň kärhanalarynyň güýçleri bilen gurlandygyny ýene-de bir gezek aýratyn nygtady. Bu bolsa, berkarar döwletimiziň uly ykdysady we maliýe mümkinçiliginiň bardygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz  “Gündogar-Günbatar”  gaz geçirijisiniň  nurbadyny towlaýar, gaz geçiriji boýunça tebigy gazyň ilkinji kub metrleri akyp ugraýar.   Döwlet Baştutanymyz şanly waka barada ýadygärlik hökmünde turba geçirijiniň  ýüzünde ýadygärlik ýazgy galdyrýar. Şol wagt gaz gysyjy stansiýanyň çäginde “Gündogar-Günbatar”  gaz geçirijisiniň  işe girizilmegini alamatlandyran alaw ýanýar.

Bu gaz geçirijisi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň şeýle hem halkara energetika bazarynyň energiýa serişdelerine artýan isleglerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň döwrebaplaşdyrýan we ösdürýän gaz-ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi. 

Dabaranyň dowamynda täze gaz geçirijiniň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan nebitgaz pudagynyň işgärlerini Türkmenistanyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan”  ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okalýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge mynasyp goşant goşan türkmenistanlylara dabaraly ýagdaýda sylaglary gowşurýar. 

Şol gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Rosneft” döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Seçini, “Petronas” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Datuk Wan Zulkifli Wan Ariffini kabul etdi. Olar bilen ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.