IZMIR MILLI KITAPHANASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY HEM-DE 2020-NJI “TÜRKMENISTAN – BITARAPLYGYŇ MEKANY” ÝYLY MYNASYBETLI YLMY MASLAHAT WE DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Ilçihаnаsy (Аnkаrа ş) wе Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş) tаrаpyndаn Izmir Konak etrap hähimligi bilеn bilеlikdе, Izmir Milli kitaphanasynyñ edаrа binаsyndа, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly mynasybetli, Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan we halkymyza sowgat edilen “Paýhas Çeşmesi”, “Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy”, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaplaryny tanatmak maksady bilen ylmy maslahat we dabaraly çäre geçirildi. Geçirilen çära, Konak etrap Häkimi, Izmir welaýatynyñ Medeniýet müdürliginiñ ýolbaşçysy, Izmir Milli kitaphanasynyñ ýolbaşçysy we dürli ylmy edaralaryň wekilleri we uniwersitetlerde bilim alýan türkmen, türk talyplary gatnaşdylar.

Ylmy maslahatda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.H. Amanlyýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Bаş kоnsuly (Stаmbul ş) M.Seýitmämmedow, Izmir Konak etrap hähimi Abdül Batur, Izmir Milli kitaphanasynyň müdüri Ulwi Pug hem-de birnäçe Türkiýäniň abraýly jemgyýetçilik we ylmy işgärleri we gatnaşyjylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly bilen bagly çykyş etdiler.

Olar öz çykyşynda, “Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Türkmen halkynyn taryhy, medeniýeti, sungaty, ýaşaýyş durmuş taýdan, geçmişi, şu güni ve gelejegi bilen bagly gymmatly eserler sowgat edendigini” nygtadylar. Hususanda, türk diline terjime edilen “Paýhas çeşmesi”, “Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy” we “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaplarynyň edebi liriki boluşy milli mirasymyz, däp dessurymyzy ýakyndan tanyşdyrýan foto suratlar bilen bezelendigi barada aýtdylar.

Şeýle-hem olar öz çykyşynda, jemgyýetimiziň ruhubelentliginiň, agzybirliginiň we jebisliginiň beýany bolan erkin hem-de kuwwatly ýurdumyzyň ӓgirt uly üstünlikleri, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini dürli döwletler hem-de halkara guramalar bilen özara bӓhbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi ileri tutýan ugur hökmünde kesgitlӓn döwlet bolup durýan, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakdaky  ýardamy, şeýle hem sebitiň ýurtlary we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýändigini bellediler. Bu babatda, dünýäde parahatçylygy we doslukly özara gatnaşygy ösdürmekde Türkmenistanyň tutýan işjeň ornunyň BMG-sy we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny aýtdylar.

Şeýle-de, ylmy maslahatda çykyş eden Ege uwiwersitetinde ýokary bilim alýan türkmen talyplarynyň wekili, Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlara, şol sanda daşary ýurtlarda okap bilim alýan talyplara uly ynam bildirýändigini, Hormatly Arkadagymyzyň özleri üçin edýän atalyk aladasy bilen bagly özleriniň minnetdarlygynyň çäksizdigini belledi.