Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda “Durnukly ösüş maksatlaryny amal aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda “Durnukly ösüş maksatlaryny amal aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan amatly geoykdysady ýagdaýa eýe bolmak bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm şerti bolan üstaşyr-ulag kuwwatyny amala aşyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyzyň döredýän “Gündogar-Günbatar”  we “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgeleriniň döwrebap ulgamy Ýewraziýa giňişliginde sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Olar deňiz, howa, demirýol we awtomobil gatnawlaryny öz içine alýar.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoly munuň aýdyň mysaly bolup, onuň dowamly bölegi Balkan welaýatynyň çäginden geçýär. Täze polat ýoly Günorta Aziýa-Pars aýlagynyň portlaryna we degişlilikde yzyna – Russiýanyň üsti bilen Gündogar Ýewropa gysga ugur boýunça ýükleriň oňaýly we tygşytly ugradylmagyny üpjün edýär.

“Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasyna laýyklykda”  Hazaryň kenarynda täze döwrebap deňiz duralgasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň taslamasynda gämi, ýolagçy, konteýner we beýleki terminallar göz öňünde tutuldy. Degişlilikde, üstaşyr ýükleri ugratmak we saklamak üçin ammarlary bolan hem-de eksport-import amallaryny ýerine ýetirmek üçin döwrebap logistik merkezi dörediler.

Milli deňiz söwda floty hem işjeň enjamlaşdyrylýar – onuň üstüni nebit we nebit önümlerini, şeýle hem himiýa önümlerini daşamak üçin niýetlenen kuwwatly tankerleriň 7-si ýetirdi. 2015-nji ýylyň dekabrynda bolsa, Türkmenbaşy şäherine Horwatiýanyň gämigurluşyk zawodynda gurlan “Bagtyýar” awtomobil-ýolagçy gämisi gelip gowuşdy. Ol  “RO-PAX”  derejeli  gämileriň hasap boýunça ikinjisi bolup durýar.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlary täze ýagdaýlary we döwrüň talaplaryny göz öňünde tutmak arkaly özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilendir. Şol başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji we 66-njy mejlislerinde beýan edildi. Hususan-da, bu ýerde Hazar we Gara deňizleriň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda ulaglary üstaşyr geçirmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilmegini göz öňünde tutmak üçin BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça ýörite maksatnamasynyň işlenip taýýarlanmagy barada gürrüň gidýär.

Merkezi Aziýany we Ýakyn Gündogardaky döwletleri baglanyşdyrjak täze Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman üstaşyr ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşyk türkmen Lideriniň netijeli teklipleriniň möhüm ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär. Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Aziýa sebitindäki döwletleriň arasynda halkara ulag gatnawlarynda möhüm bölege öwrülmelidir. Bu taslamanyň amala aşyrylmagyna degişli Ähtnama 2013-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň-Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň türkmen paýtagtynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygynyň barşynda gol çekildi. Birinji tapgyrda demir ýoluň iki bölegini: Türkmenistanyň çäginde 85 kilometrlik Atamyrat-Ymamnazar demir ýoluny we Ymamnazardan Owganystanyň çägindäki Andhoý diýen ilatly ýere çenli 38 kilometrlik demir ýoluny gurmak göz öňünde tutulýar.

Bulardan başga-da, demir ýol ulgamynda eýýäm iri taslamalaryň birnäçesi – Eýranyň, Türkiýäniň, Ýakyn we Uzak Gündogaryň ulag ulgamyna has ýakyn ýoly açan Tejen-Sarahas-Maşat demir ýolunyň, Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolunyň, sebitdäki uly suw akabasynyň – Amyderýanyň üstünden geçýän Kerki-Kerkiçi demir ýol köprüsiniň we beýlekileriň gurluşygy amala aşyryldy.

Türkmenistan ygtybarly halkara ulag-üstaşyr ulgamlarynyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ugurlarynyň giňeldilmegine we şu ugra degişli täze ulgamlaryň döredilmegine gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip düzüldi we üstünlikli amala aşyrylýar. Bu çäreleriň ählisi ýurduň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyna, geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini göz öňünde tutmak arkaly, multimodal gatnawlaryň sebitleýin utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleriň döredilmegine ýardam bermegi göz öňünde tutulýar. 

Häzirki döwürde Türkmenistanda täsin inženerçilik desgalarynyň – ulag gatnawlarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkasy” boljak demir ýol we awtomobil köprüleri köpçülikleýin ulanmaga berilýär. Bu desgalaryň gurulmagy Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollaryny döretmekde we olary netijeli ulanmakda möhüm ädim bolup durýar. Şeýle hem ýurtda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtoulag ýollarynyň düzüminiň ösdürilýändigi, olaryň umumy uzynlygynyň 1700 kilometre golaý boljakdygy barada bellemek bolar.

Halkara ulag düzümini ösdürmek barada aýdylanda, Türkmenistanyň hemişe BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, ilkinji nobatda, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy bilen  ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýändigini bellemek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň tejribesiniň esasynda Türkiýä çykmak arkaly Merkezi Aziýa üçin modal ýoly döretmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär. IRU-nyň bu modal ýol baradaky başlangyjy bu ugurda ulag ýollaryny ösdürmegiň geljegine bolan garaýşymyza doly laýyk gelýär. Türkmenistan ony doly goldaýar, bu taslamany durmuşa geçirmekde işjeň orun eýelemäge hem-de ýakyndan ýardam bermäge taýýardygyny mälim edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň düzümine girýän, BMG-niň agzasy bolan döwletleriň ählisine bu meseläni jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga goşulmagy teklip etdi.

BMG-niň Baş Assambleýasy 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky Rezolýusiýany kabul etdi, dunýäniň 85 döwleti onuň awtordaşlary hökmünde çykyş etdi. Şeýlelikde, bu Rezolýusiýa Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen hem-de Milletler Bileleşigi derejesinde biragyzdan makullanylan halkara ulag geçelgeleri babatyndaky ikinji resminamadyr. 2014-nji ýylda kabul edilen şunuň ýaly resminamanyň yzy bilen bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegi üçin Türkmenistan bu ulgamda işjeň çäreleri geçirdi.

2016-njy ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen forumyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolan ulag meseleleri boýunça wezipeleriň giň toplumy girýär.

Aşgabatda geçirilen bu maslahata köp sanly ýurtlardan hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary, iri halkara guramalarynyň we düzümleriň - BMG-niň, onuň komissiýalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şeýle hem ÝHHG-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň, GDA-nyň, Ýewropa komissiýasynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Wekilleriň hatarynda ulag ulgamynyň ähli ugurlaryna degişli iri halkara guramalarynyň – awtomobil, howa, demir ýol, deňiz ulaglarynyň, şeýle hem iri halkara maýa goýum, bank we söwda düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar.

Forumyň çäginde geçen işewürler maslahatynda bolsa BMG-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň çäklerinde dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, ýük we ýolagçy awtoulaglaryny ösdürmek boýunça başlangyçlaryny amala aşyrmak, ykdysadyýeti ösdürmek hem-de söwda, ýük dolanyşygyny artdyrmak üçin üstaşyr ulag geçelgeleriniň ähmiýeti ýaly meselelere bagyşlanyldy. Forumda durnukly ulagyň konsepsiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň maliýe netijeliligi, hereket howpsuzlygyny we pudagyň energiýa netijeliligini üpjün etmekde döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Ählumumy ulag we logistik ulgamlarynyň ösmegine ýol açýan global mümkinçiliklere garaldy.

Şeýle hem maslahatyň barşynda howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglarynyň ýagdaýy, dünýä ykdysadyýetiniň bu bölegini ösdürmegiň mümkinçilikleri, pudagyň düzümine maýalary çekmek, innowasiýalary ornaşdyrmak, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk bilen bagly meselelere garaldy. Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan ulag ulgamy boýunça käbir iri halkara guramalarynyň möhüm resminamalaryna gol çekildi.

2017-nji noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe «Lýapis Lazuli» täze halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Bu ugruň Owganystany Ýewropa we beýleki dostlukly döwletler bilen diňe bir baglanyşdyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, biziň ýurtlarymyzy birek-birege ýakyn edip, söwdanyň, üstaşyr geçirmegiň we maýa goýumlaryň has-da ösdürilmegi üçin mümkinçilikleri döretjekdigi gümansyzdyr.

Maslahatda bellenilişi ýaly, «Lýapis Lazuli» ulag geçelgesi — Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe multimodal ulag geçelgesi geljekde Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni köprä öwrüler.

2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama (rezolýusiýa) Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Resminama 74 sany döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi.
Kararnamada durnukly ulagyň ornuny gowulandyrmaga we iş ýerlerini döretmegi çaltlandyrmak boýunça meýiller, adamlara we köpçülige işde elýeterligi üpjün etmek, mekdeplere we medisina hyzmatlaryna, hem-de oba ýerlerini we şäher ýaşaýjylaryny harytlar we hyzmatlar bilen üpjün etmekligi guramaklyk, şol sanda hemmeleriň deň mümkinçiliklere eýe bolmaklary we hiç kimiň unudylmazlygy meýilnamasynda ýardam bermekligi çaltlandyrmak we ulag zynjyrlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak tassyklanylýar