“SAGDYNLYK WE BAGTYÝARLYK” ŞYGARY ASTYNDA STAMBULDA FUTBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

“SAGDYNLYK WE BAGTYÝARLYK” ŞYGARY ASTYNDA STAMBULDA FUTBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan Stambul uniwersitetiniň sport toplumynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda, Stambul şäherinde bilim alýan türkmenistanly talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda futbol ýaryşy guraldy.

Çäräniň başlanmagynyň öňüsyrasynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini, Türkmenistanyň maddy gymmatlyklaryň taryhy ähmiýetini hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, halkara jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, dünýäde ösüp gelýän ýaş nesilleri sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen “Amul–Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlarynyň geçirilýändigi barada gatnaşyjylara giňden gürrüň berildi.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň ýokary gazananlaryny ösdürmek, milletiň saglygynyň berkidilmegini üpjün edýän ähli zerur şertleri döretmek, beden taýdan sagdyn we ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek bilen baglanyşykly meselelere döwlet syýasatynda uly üns berilýär.

Milli Liderimiziň bu göreldesinden ruhlanyp, futbol sportunyň köp sanly muşdaklary Stambul uniwersitetiniň Sport merkezinde şu günki geçirilen futbol ýaryşyna uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýaryşyň ahyrynda ýeňiji bolan toparlaryň agzalaryna ýörite hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.