TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ STAMBUL ŞÄHERINDE BÜTİNDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI

TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ STAMBUL ŞÄHERINDE BÜTİNDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji aprelinde bolan 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda taslamasy işlenip taýýarlanylan “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy tarapyndan 2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda Stambul şäheriniň Ýeşilköý kiçi etrapçasynyň deňiz kenarynda welosipedli ýöriş geçirildi.

Bu sport çäresine Baş konsullygyň wekilleri hem-de Stambul şäherinde bilim alýan türkmen we daşary ýurt talyplary gatnaşdylar.

Medeni-sport çäresiniň başlanmagynyň öňüsyrasynda 2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ýene bir üstünligi barada habar berlendigi, ýagny ýurdumyzyň teklibi bilen kabul edilen Kararnama laýyklykda her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilendigi barada bellenildi we Hormatly Prezidentimiziň täze ýeňişi bilen ähli çärä gatnaşyjylar gutlanyldy.

Welosipedli ýöriş deňziň kenaryndaky seýilgähde dowam etdirildi we onuň dowamynda jemi 10 km ýol geçildi. Welosiped sportuny we sagdyn-durmuş medeni çärelerini wagyz etmek üçin Baş konsullyk tarapyndan geçirilen bu çäreler türkmen talyplaryň arasynda sport bilen işjeň meşgullanmaga çagyryş bolup hyzmat eder.