BAE Türkmenistanyň ynsanperwerligine minnetdarlyk bildirýär

2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhay Hamad Khamis Alhameli Türkmenistanyň Prezidentine, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hat iberdi.
Hatlarda Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň adyndan 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda BAE-niň käbir awiakompaniýalarynyň uçuşlarynyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde mejbury saklanmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan görkezilen merdanalyk hyzmatdaşlyk we ynsanperwer goldaw üçin çuňňur minnetdarlyk bildirildi.
“Bu uçuşlaryň ýolagçylarynyň mähirli garşylanylmagy hem-de birnäçe sagatlyk garaşan wagtynda olara iýmit, suw ýaly zerur serişdeleriň üpjün edilmegi bizde uly täsir galdyrdy. Bu ýagdaý Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna mahsus bolan beýik ynsanperwer gymmatlyklaryň aýdyň subutnamasydyr...” diýip hatda nygtalýar.
Şeýle hem bu merdanalyk hereketiň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň çuňlugyny hem-de hakyky raýdaşlyk we özara goldaw ruhuny beýan edýändigi aýratyn bellenildi.