img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
TÜRKİÝE RESPUBLIKASY - STAMBUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

photo

2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň birinji mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň arasynda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdiniň tapylmagyna gönükdirildi.

Özbegistan Respublikasynyň Parlamentiniň ýolbaşçylygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň «Merkezi Aziýanyň zenanlary: ileri tutulýan wezipeler we bilelikdäki hereketler» atly birinji mejlisiniň gün tertibine häzirki döwrüň wajyp meseleleri girizildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň jemgyýetde eýeleýän orny bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alan maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Merkezi Aziýa döwletleriniň, Azerbaýjan Respublikasynyň zenan parlament ýolbaşçylary we Merkezi Aziýa boýunça «BMG-Zenanlar» sebit edarasynyň ýolbaşçysy gatnaşdy.

Onlaýn mejlisde Özbegistanyň 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Zenan ýolbaşçylarynyň dialogyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler we olaryň guramaçylyk işleri, sebitde gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň döwlet dolandyryşy we ykdysadyýetdäki işjeňligini goldamak hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bilelikdäki tagallalary we ýylyň dowamynda geçirilmeli çäreler barada pikir alyşmalar boldy.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy sebitiň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde zenanlar dialogynyň hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça dürli çäreleri geçirmek üçin hemişelik hereket edýän meýdança öwrülendigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň Dialogyň maksatnamalary bilen doly utgaşyp, zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, milli ykdysadyýetde eýeleýän ornuny hukuk taýdan berkitmekde we bu ugurdaky kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.

Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny, bähbitlerini, eneligi we çagalygy goramak, maşgalany goldamak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy hem-de bu ugurdaky tagallalara dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigi nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde duşuşyga gatnaşyjylar zenanlar dialogynyň anyk başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirýän netijeli meýdança öwrülendigini bellediler. Aýratyn hem zenanlaryň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek üçin milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, zenanlaryň döwrebap tehnologiýalara elýeterliligini üpjün etmek, sanly tehnologiýalar we onlaýn meýdançalar arkaly sebitdäki zenanlaryň özara tejribe alyşmagyny ýola goýmak, zenan telekeçilere döredilýän ýeňillikler babatda durlup geçildi.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan parlament ýolbaşçylarynyň Dialogynyň tagallalaryny abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Parlamentara Bileleşigiň alyp barýan işi bilen utgaşdyrmak meselesine aýratyn seredildi.