img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
TÜRKİÝE RESPUBLIKASY - STAMBUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada geçirilen Sebitleýin sammitde ekologiýa boýunça başlangyçlary beýan etdi

photo

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitine gatnaşdy.

 “EXPO” halkara sergiler merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.

Ýokary derejeli duşuşyga köp sanly döwlet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy.

Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary “RES 2026 EXPO” halkara sergisi bilen tanyşdylar. Astana şäherinde Sebitleýin ekologiýa sammiti bilen utgaşyklylykda geçirilýän bu sergi Merkezi Aziýanyň «ýaşyl» geljeginiň tehnologik gözden geçirilişine öwrüldi. Sergi merkeziniň meýdançalary dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we innowasion kärhanalarynyň energetika geçişi üçin işläp taýýarlan çözgütleri bilen tanyşdyrýar.

Türkmenistanyň «RES 2026 EXPO» halkara sergisindäki milli pawilýony döwletimiziň baý medeni mirasynyň, häzirki zaman ekologiýa ulgamynda gazanan üstünlikleriniň özboluşly sazlaşygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, köpugurly gymmatlyklary bilen myhmanlaryň ünsüni çekýär.

Türkmenistanyň wekili belent mertebeli myhmanlary pawilýon bilen tanyşdyryp, ekspozisiýada Türkmenistanyň gaýtalanmajak tebigaty we baý medeniýeti bilen bir hatarda, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak babatda alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň, bu ulgamda durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň, maksatnamalaryň, taslamalaryň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, wekiliýet ýolbaşçylary “Durnukly geljek barada umumy garaýyş” mowzugynda guralýan Sebitleýin ekologiýa sammitiniň plenar mejlisiniň geçiriljek ýerine – Kongresler merkezine geldiler.

Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, plenar mejlis öz işine başlady.

Sammitiň gün tertibine tebigy ekologik töwekgelçiliklere ykdysady taýdan durnuklylyk we uýgunlaşmak, sebitde azyk howpsuzlygy, tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak, howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek, ekologiýa maksatlaryny gazanmagyň mehanizmleri, adalatly, inklýuziw geçiş, ekologiýa we sanly tejribeler bilen bagly birnäçe wajyp meseleler girizildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hemmeleri mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, sammite gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň we hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynyň bu çäräniň ähmiýetini artdyrýandygyny belledi.

Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Sebitleýin ekologiýa sammitini çagyrmak baradaky başlangyjy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi.

 “Bu forum aýratyn möhüm waka bolup durýar. Ilkinji gezek biziň ýurtlarymyz tarapyndan iň ýokary döwlet derejesinde giňeldilen ekologiýa gün tertibi toplumlaýyn, bitewi we hakyky sebit ölçeginde ara alnyp maslahatlaşylýar – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň şu forumy hut şeýle many-mazmunda kabul edýändigini belläp, ony ekologiýa, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekologik ösüşiň beýleki ähmiýetli ugurlary, ykdysady, ynsanperwer, hukuk häsiýetli meseleler barada pikir alyşmak, oňyn teklipleri we başlangyçlary öňe sürmek boýunça netijeli meýdança öwürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygy tassyklanyldy.

“Häzirki wagtda biziň hemmämiz çynlakaý ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Durmuşyň ähli ugurlaryna ýaramaz täsirini ýetirýän howanyň üýtgemegi bu wehimleriň esasysy bolup durýar. Biz suw serişdeleriniň azalmagynyň, topragyň ýaramazlaşmagynyň, çölleşme hadysasynyň güýçlenmeginiň, biologik köpdürlüligiň ýitirilmeginiň, ýaşaýyş üçin amatsyz bolan çäklerden göçüp gitmek hadysalarynyň artmagynyň şaýady bolýarys - diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Şeýle şertlerde sebir ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Ýurtlaryň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen sebit merkezleriniň döredilmegi şeýle hyzmatdaşlygyň möhüm guraly bolup durýar.

Türkmenistanyň bu sammitde howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürýändigi we bu düzümleriň öz işini amala aşyrýan obýektlerine ýakyn ýerleşmeginiň ekologik töwekgelçiliklere we wehimlere has takyk, kämil, amaly tejribä daýanyp garşy durmaga, olaryň öňüni almagyň we ýeňip geçmegiň ýollaryny gözlemäge, milli düzümler bilen hyzmatdaşlygyň tejribesini toplamaga mümkinçilik berjekdigine ynanylýandygy bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini peseltmek hem-de oňa uýgunlaşmak boýunça amaly çäreleriň görülmelidigini aýratyn nygtap, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ilerletmegiň uly ähmiýete eýedigini, ekologik taýdan durnukly ösüş we döwrebap ekologik standartlary ornaşdyrmak meseleleri babatda sebit dialogyny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Teklip edilýän başlangyçlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin olary ilerletmegiň guralyny döretmek möhümdir. Hususan-da, öňe sürülýän teklipleri bilermenler derejesinde geçirilýän sebit we sebitara ekologiýa duşuşyklarynda, maslahatlarda deslapdan ara alyp maslahatlaşmak hem-de kämilleşdirmek maksadalaýyk hasaplanýar. Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şol duşuşyklardyr maslahatlarda anyk teklipleri durmuşa geçirmegiň umumy garaýyşlary we çemeleşmeleri işlenip taýýarlanylan ýagdaýynda, diňe özara ylalaşyk gazanylandan we degişli resminamalar doly ylalaşylandan soňra ministrler derejesindäki maslahatlary çagyrmagy hem-de bu meseleleri sammitleriň gün tertibine girizmegi teklip etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow serhetüsti suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmak meselesiniň aýratyn ünsi talap edýändigini aýdyp, bu meselede Türkmenistanyň resmi garaýyşlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan serhetüsti derýalar we suw akymlary boýunça suw meseleleriniň şu üç esasy ýörelgäniň, hususan-da, suw meseleleri boýunça esasy konwensiýalaryň, beýleki halkara namalaryň berk berjaý edilmegi, serhetüsti derýalaryň ugrunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitleriniň deň derejede göz öňünde tutulmagy, bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň giňden gatnaşmagy ýörelgeleriniň esasynda çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit geňeşini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu geňeş suw ulgamynda tagallalary utgaşdyrýan netijeli düzüm bolup biler.

 “Biz Birleşen Milletler Guramasynda Hazar ekologik başlangyjy bilen çykyş etdik, ony durmuşa geçirmegiň Konsepsiýasyny taýýarladyk we ähli Hazarýaka döwletlere iberdik – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Aral deňzini halas etmek meselesiniň hem möhüm ähmiýetini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçiriljekdigini nygtap, onda Araly halas etmäge gönükdirilen bilelikdäki işler boýunça zerur çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

 “Sebitleýin ekologiýa forumynyň ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli halkara meýdança öwrüljekdigine umyt edýäris. Taryhy we medeni ýakynlygymyz, ýurtlarymyzyň halklaryna hemişe mahsus bolan hoşniýetli goňşuçylyk, raýdaşlyk, özara goldaw bermek ruhy bizi şuňa borçlandyrýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň bu formatynyň geljegine ýokary baha berýär. Şu gün öňümizdäki ulgamlaýyn işlere gowy itergi berjekdigimize umyt edýäris” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüni jemledi we hemmeleri Sebitleýin ekologiýa sammitiniň öz işine başlamagy bilen gutlap, netijeli pikir alyşmalary arzuw etdi.

Sammitiň netijeleri boýunça «Merkezi Aziýada ekologiýa raýdaşlygy» atly ekologiýa we durnukly ösüş babatda sebitleýin hyzmatdaşlyk hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Jarnamasy kabul edildi.