Türkmenistanda döwletiň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasyny tassyklaýan Konstitusion kanun kabul edildi
![photo](https://istanbul.tmconsulate.gov.tm/static/uploads/201609/YPtmunrbi7DwJu7ZSOROo9y9RFDWyT-920x340.jpg)
Türkmenistanda döwletiň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasyny tassyklaýan Konstitusion kanun kabul edildi
Türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýaşulular maslahatynda döwletiň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasyny tassyklaýan Konstitusion kanun kabul edildi.
Kabul edilen Konstitusion kanun ýurtda konstitusion üýtgeşmeleriň, syýasy ulgamyň geljekki kämilleşdirilşiniň, döwletiň we jemgyýetiň tapgyrlaýyn demokratiýalaşdyrylmagynyň, hususan-da syýasy köpulgamlylygyň we köppartiýalylygyň logika taýdan dowamy bolup durýar
Bu ösüşiň iň esasy netijeleriniň biri hem, Türkmenistanda – ýurduň taryhynda ilkinji gezek – Adam hukuklary boýunça Doly ygtyýarly wekil wezipesiniň girizilmegidir.
Konstitusion kanun kabul edilmezinden ozal, ol ýurduň syýasy partiýalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, zähmet köpçüliklerinde giñden maslahatlaşyldy. Täze kanunyñ taýýarlanmagynda ýurduň raýatlaryndan gelýän teklipler we islegler hem göz öňünde tutuldy.