img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
TÜRKİÝE RESPUBLIKASY - STAMBUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan MAGATE-niň agzalygyna kabul edildi

photo

2015-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Wena şäherinde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş konferensiýasynyň 59-njy mejlisiniň dowamynda bu Guramanyň agza döwletleri Türkmenistany MAGATE-niň agzalygyna tassyklamak baradaky kararnamany biragyzdan kabul etdiler. Bu Guramanyň agza döwletleri Türkmenistanyň bütin dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk ýörelgelerine eýerýändigine ýokary baha berdiler.