Türkmen guşakly göreşçileri halkyň ynamy bilen ýeňşe sary
![photo](https://istanbul.tmconsulate.gov.tm/static/uploads/201709/iMe6kyzzqPR94DqGCXV09NEi6a95zC-920x340.jpg)
Türkmen guşakly göreşçileri halkyň ynamy bilen ýeňşe sary
Guşakly göreş boýunça türkmen pälwanlary öňümizdäki şenbe güni başlanjak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýeňiji bolup, birnäçe medal gazanmak umydy bilen Aşgabat stadionynyň ýerasty böleginde türgenleşýärler.
2010-njy ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek ygtyýary Türkmenistan döwletine berlen gününden başlap, guşakly göreş boýunça medal gazanmak niýetini ýüreklerinde beslän türkmen pälwanlary Merkezi Aziýanyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän Oýunlara ýedi ýyllap sabyrsyzlyk bilen garaşdylar.
Tirkişgeldi Aýazow türkmen milli göreş sport ugrunda ýaryşmakdan daşary, Aşgabat 2017 oýunlaryň çäginde geçiriljek guşakly göreş boýunça ýaryşyň ýeňijisi bolmak we altyn medal üçin göreşjek 100-dende gowrak pälwanlaryň hataryna-da girýär. Bu bolsa 24 ýaşly pälwan üçin örän tolgundyryjydyr.
“Bular ýaly Oýunlar Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýär. Bu ýaryşda men medal gazanmagy arzuw edýärin. Oýunlara çenli sanlyja günüň galandygy meni biraz tolgundyrýar, çünki bu meniň türgenleşmek üçin wagtymyň azalandygynyň alamaty” diýip, Tirkişgeldi başdan geçirýän duýgularyny beýan etmäge çalyşýar. Ol: “Eger-de men altyn medaly gazanmagyň hötdesinden gelsem, begenjimiň çägi bolmaz, ol meniň üçin diýseň tolgundyryjy pursat bolar. Meniň maşgalam ýaryşlara geler we millionlarça adamlar ýaryşlara telewideniýäniň üsti bilen tomaşa eder” diýmek bilen sözüniň üstüni ýetirdi.
Medet Hallygurbanow ýaly beýleki pälwanlar hem Tirkişgeldiniňkä çalymdaş duýgulary başdan geçirýär. Bu barada Medet bize şeýle gürrüň berdi: “Men ilkinji gezek şeýle tolgunýaryn. Ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň ýaşyl tuguny belende galdyrmagy maksat edindim. Biz şol pursat üçin birnäçe ýyllap türgenleşdik. Ähli güýjümizi, umydymyzy, arzuwlarymyzy şu Oýunlar bilen bagladyk”.
2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda 60 kilogram derejesinde altyn medaly gazanmagy başaran balkanly pälwan ýigit ýoldaşlarynyň aglabasynyň şuňa meňzeş duýgulary başdan geçirýändigini aýtmak bilen sözüni dowam etdi: “Biz – göreşçiler dogan ýaly, sebäbi wagtymyzyň köp bölegini bile geçirýäris, bile türgenleşýäris, ýaryşlara gatnaşýarys, daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak üçin hem bile gidýäris. Biz edil bir maşgala ýaly bolup gitdik. Bu Oýunlary hem bilelikde we agzybirlikde geçireris”.
29 ýaşynyň içinde iň uly ýaşly göreşçileriň biri bolan Gylyç Jumaýew bolsa medal gowşurylýan münberde ornuňy tapmaklygyň nähili bagtdygyny beýan etmek bilen şeýle diýdi: “Men Hormatly Prezidentimiz, Ata Watanymyz, maşgalamyz, galyberse-de özüm üçin bu Oýunlarda ýeňiş gazanmak isleýärin”.
Pälwanlara üstünlik arzuw edýäris!