Olimpiýa stadionynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
Olimpiýa stadionynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy.
Häzirki döwürde Aşgabadyň ykrar edilen parahatçylyk söýüjilik we iri sport merkezine öwrülmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Merkezi Aziýada ilkinji gezek Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýerine öwrülen paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy ýurdumyzyň täze belentliklerine we sportuň ýokary netijelerine bolan çalyşmalarynyň aýdyň nyşanyny alamatlandyrdy. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň şeýle çözgüdi kabul etmeginde bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti milli Liderimiz sportuň ösdürilmegine goşan ägirt uly goşandy üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýokary sylagy bolan Hormat ordenine mynasyp boldy.
...Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň ýanyna geldi.
Edaranyň binasynyň eýwanynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyz we tutuş sebit üçin ähmiýetli waka bolan “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen döwlet derejesindäki wekiliýetleriň agzalary bilen görüşdi.
Mähirli salamlaşanlaryndan soň milli Liderimiz olaryň her biri bilen surata düşdi we belent mertebeli myhmanlary binanyň VIP zalyna çagyrdy. Soňra Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy mynasybetli resmi kabul edişlik boldy.
Agşamlyk naharynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah söz sözlediler.
Söwda-senagat edarasyndan hormatly Prezidentimiziň we daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki ulag kerwenleri Olimpiýa şäherjigine tarap ugrady.
Olimpiýa stadionynyň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdançada dabara gatnaşýan belent mertebeli myhmanlaryň resmi surata düşmek dabarasy boldy.
Dabaranyň resmi bölümi başlanýar. Dabarany alypbaryjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy, ähli türkmen halkyny we dabara gatnaşyjylary oýunlaryň açylyşy bilen gutlaýarlar.
Stadiona Türkmenistanyň Döwlet baýdagy getirilýär. Uly ýaşyl baýdagy Hormat garawuly rotasynyň esgerleri getirýärler.
Soňra stadiona Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baýdagy getirilýär.
Tomaşaçylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Milli Liderimiz bu ýere ýygnanan döwlet Baştutanlaryna, wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna hem-de agzalaryna, myhmanlara we oýunlara gatnaşyjylara, ähli ildeşlerimize gutlag sözi bilen ýüzlenýär.
Bu ýaryşlaryň taryhynda Aziýa kontinentiniň wekiliýetlerinden başga-da, oňa ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletiniň türgenleri hem gatnaşýar. Jemi 65 topar sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşer.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, V Aziýa oýunlaryna Bosgunlaryň sport toparynyň hem ilkinji gezek gatnaşmagy bizi aýratyn buýsandyrýar.
Milli Liderimiz bu ýaryşlara gatnaşyjylaryň ählisine uly ýeňişleri we üstünlikleri arzuw etdi we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny açyk diýip yglan etdi.
Döwlet senasynyň owazynyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýokary galdyrylýar. 45 müň orunlyk stadiony dolduryp oturan adamlar ör turup, elini ýüregine goýup, Döwlet senasyny ýerine ýetirýärler.
Soňra Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabaha söz berilýär.
Ol öz çykyşyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, beýleki döwletleriň Baştutanlaryna hem-de dürli ýurtlardan gelen ýokary wezipeli myhmanlara, sport federasiýalarynyň, Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylaryna, ähli türgenlere we tomaşaçylara hoşallygy bilen başlaýar.
Myhmansöýerlik hem-de mähirlilik üçin aşgabatlylara we tutuş Türkmenistanyň halkyna ägirt uly hoşallyk bildirildi.
Soňra Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň nyşany şekillendirilen ak baýdak galdyrylýar.
Dabaranyň ahyrynda paýtagtymyzyň asmanyny ýagtylandyran baýramçylyk feýerwerkleri öwşün atyp başlaýar. Bu ajaýyp görnüş esli wagt dowam edip, bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýlelikde, oýunlara badalga berildi. Öňümizde bize sportuň dabaralanmagyny, ruhubelentligi, dostlugy we parahatçylygy alamatlandyrýan 10 gün garaşýar!