Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary
![photo](https://istanbul.tmconsulate.gov.tm/static/uploads/201711/sfPVHXEtXMzTx48xrE1QudeljKGnlE-920x340.jpg)
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary
2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna geldi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon doganlarça mähirli garşylady.
Ýokary derejede ikiçäk türkmen-täjik gepleşikleri “Kasri Millat” köşgünde geçirildi.
Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýy hem-de geljegi nazara almak bilen onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Milli Liderimiz dünýä giňişliginde özara gatnaşyklar meselesine degip geçmek bilen, taraplaryň mundan beýläk-de iri halkara guramalarynyň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, sebit birleşikleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, öz hereketlerini utgaşdyrmagy ugur edinýändigini belledi.
Taraplar Owganystandaky ýagdaýy gepleşikleriň aýratyn meselesi hökmünde görkezip, goňşy ýurtdaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler, bu ýurduň ähli jogapkär hem-de oňyn güýçleriniň gatnaşmagynda giň umumymilli gepleşikler esasynda kadalaşdyrylmalydygyny wagtyň görkezendigini bellediler.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Bilelikdäki Beýannama hem-de Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekdiler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Şol gün hormatly Prezidentimiz täjik halkynyň milli Gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül dessesini goýup, ajaýyp döwlet işgäri hem-de hökümdaryň — Samanidler Döwletini esaslandyryjynyň hakydasyny hatyralady.
Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Milli muzeýine baryp gördi.
Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti agşamlyk naharyny berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.