RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUBAÝ ŞÄHERINDE GEÇIRILJEK “EKSPO 2020” HALKARA SERGISINIŇ TAÝÝARLYK DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 26-27-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “EKSPO-2020” atly halkara sergisine gatnaşyjylarynyň 3-nji taýýarlyk duşuşygy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. BAE-niň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, “EKSPO-2020” sergisiniň Baş komissary Rim Al Haşimi bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar “EKSPO-2020” halkara sergisiniň taýýarlyk iş...

DOWAMY
28 Noý

LATWIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Taşkent şäheri) jenap Mihail Popkows bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, Latwiýa bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli berkitmegiň zerurdygyny belledi. Latwiýanyň Ilçisi s...

DOWAMY
28 Noý

Awazada ulag ministrleriniňhalkara maslahaty öz işine başlady

2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady. Maslahatyňbaşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy. Soňra Lapis Lazuli hakynda Ylal...

DOWAMY
23 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA” ATLY 14-NJI MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY

2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili hanym F.Mogerininiň derejesindäki 14-nji ministrler duşuşygyna gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýän, şol sanda ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatn...

DOWAMY
22 Noý

AŞGABATDA ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-AZERBAÝJAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň çäginde iki ýurduň ýolbaşçylary türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de halkara we sebit gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplaryň aýratyn ünsi Türkmenistanyň...

DOWAMY
22 Noý

AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTINIŇ SAPARY DOWAM EDÝÄR

2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapary dowam edýär.  Türkmenistana saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy we “Baky şöhrat” ýadygärligine gül desselerini goýdy. Soňra Prezident Ilham Alyýew paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine bardy. Şeýle hem ol ýerlerde belent mertebeli myhman üçin ýörite tanyşdyryş dabarasy gurnaldy.

DOWAMY
22 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝHHG-NYŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary (MAÝK) Lamberto Zanniýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistan hem-de MAÝK-ň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belledi we ony mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Taraplar milli azlyklaryň we Türkmeni...

DOWAMY