SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA GYÝANLYDA GAZHIMIÝA TOPLUMY AÇYLDY
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow polietileni we polipropileni öndürmek boýunça sebitde iň iri gazhimiýa toplumy bolan polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gyýanly şäherçesine bardy. Bu dabara hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalaryň, şeýle hem daşary ýurt kompa...
GYÝANLY POLIMER ZAWODYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Gyýanly Polimer zawodynyň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär. Iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilip, ýylda 386 müň tonna polietileni we 81 müň tonna polipropileni öndürmäge ukyply bu ägirt uly kärhananyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynyň dünýä bazarynda islegleri kanagatlandyryp, şeýle hem eksport mümkiçiligini artdyrar. Bu z...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine ünsi jemläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykyp, täze görnüşe eýe bolandygyny bellediler. Şunda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda — ulag-aragatnaşyk ulgam...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ PARLAMENTARA BILELEŞIGIŇ 139-NJY ASSAMBLEÝASYNYŇ IŞINE GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 14–15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti şu günler Ženewa şäherinde geçýän Parlamentara Bileleşigiň 139-njy Assambleýasynyň işine gatnaşdy. 14-nji oktýabrda Mejlisiň başlygy Parlamentara Bileleşigiň Assambleýasynyň çäginde Zenan deputatlaryň forumynyň 28-nji mejlisinde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda aýal-gyzlaryň hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny goramak hem-de giňeltmek boýunça kanunçylyk binýadynyň berkidilýändigi, şeýle-d...
DUŞENBEDE TÜRKMENISTANYŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLANDY
2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Duşenbe şäheriniň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna iki ýurduň Medeniýet ministrleri, Duşenbe şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şol günüň dowamynda Täjigistanyň paýtagtynyň Milli kitaphanasynda...
«TERRORÇYLYK BILEN GÖREŞMEK BOÝUNÇA MILLI WE SEBITLEÝIN MÜMKINÇILIGI BERKITMEK MAKSADY BILEN SERHETLERI GORAMAK WE DOLANDYRMAK BABATYNDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBE» ATLY OKUWY AŞGABATDA IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlyk etmeginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan gurnalan «Terrorçylyk bilen göreşmek boýunça milli we sebitleýin mümkinçiligi berkitmek maksady bilen serhetleri goramak we dolandyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribe» atly okuwy öz işine başlady. Sebitde terrorçylygyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça işi «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kont...
TÜRKMENISTAN WE BÜTINDÜNÝÄ GÜMRUK GURAMASY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussele bolan iş saparynyň çäginde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş Sekretary j-p Kuniýo Mukuriýa bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, türkmen tarapy serhetde gümrük gözegçiligini kämilleşdirmekde BGG-ň tejribesini öwrenmek we özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma...