SOŇKY HABARLAR
LAPIS LAZULI HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINI DOWAM ETDI
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işini plenar mejlisleri görnüşinde dowam etdi. Çykyşlaryň dowamynda gatnaşyjylar ulag-üstaşyr geçelegeleriniň ösüşi ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine, multimodal gatnawlaryň we Lapis Lazuli ulag geçelgesinde hem-de halkara üstaşyr geçelgelerinde olaryň mümkinçiliklerine,...
TOKIODA “MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA” DIALOGYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝOKARY WEZIPELI WEKILLERIŇ 13-NJI MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 26–27-nji noýabrynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde ýokary wezipeli wekilleriň 13-nji maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da çäräniň dowamynda syýahatçylyk, ulag-logistika, oba hojalygy we suw, söwda-ykdysady, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça pikirler alşyldy. Şeýl...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUBAÝ ŞÄHERINDE GEÇIRILJEK “EKSPO 2020” HALKARA SERGISINIŇ TAÝÝARLYK DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 26-27-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “EKSPO-2020” atly halkara sergisine gatnaşyjylarynyň 3-nji taýýarlyk duşuşygy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. BAE-niň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, “EKSPO-2020” sergisiniň Baş komissary Rim Al Haşimi bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar “EKSPO-2020” halkara sergisiniň taýýarlyk iş...
LATWIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Taşkent şäheri) jenap Mihail Popkows bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, Latwiýa bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli berkitmegiň zerurdygyny belledi. Latwiýanyň Ilçisi s...
Awazada ulag ministrleriniňhalkara maslahaty öz işine başlady
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady. Maslahatyňbaşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy. Soňra Lapis Lazuli hakynda Ylal...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA” ATLY 14-NJI MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili hanym F.Mogerininiň derejesindäki 14-nji ministrler duşuşygyna gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýän, şol sanda ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatn...
AŞGABATDA ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-AZERBAÝJAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň çäginde iki ýurduň ýolbaşçylary türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de halkara we sebit gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplaryň aýratyn ünsi Türkmenistanyň...