SOŇKY HABARLAR
«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA «AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLI ÝARYŞYNYŇ JEMLEÝJI TAPGYRY WE ÝEŇIJILERINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň jemleýji tapgyry we ýeňijilere sylaglary gowşurmak dabarasy geçiriler. Dört günüň dowamynda ähli türgenler medallar ugrunda çekeleşikli bäsleşikleri alyp bardylar. Ýöne sport hereketiniň bäsleşikli häsiýete eýe bolmagyna garamazdan, açyk we ynanyşmak gatnaşyklaryna, dostluga, özara düşünişmäge bolan gyzyklanma...
TAILAND PATYŞALYGYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Ankara ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi h-m Phantipha Iamsudha Ekarohit bilen duşuşyk boldy. Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny beýan edip, türkmen tarapy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özaragatnaşyklaryň oňyn ne...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji senýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygy, Iş dolandyryjysy Mahmud Waeziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda ýola goýlan gepleşikleri geljekde ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny beýan edip, taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy meselelerini ara alyp maslah...
“AMUL — HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISI BADALGA ALDY
2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde “Amul — Hazar 2018” awtorallisi badalga aldy. Öň ýanynda sport ulaglarynyň ekipažlary administratiw barlagdan we tehniki gözegçilikden geçdiler, ýaryşyň geçjek ugry bilen tanyşdylar — olara ýol kitapçasy gowşuryldy. Bu kitapça bolsa ýol kagyzçasyndan, ýaryşyň geçýän ugry boýunça ýerleriň kartasyndan ybaratdyr. Awtoralliniň tertibine laýyklykda, badalgadan öňki zolakda Ýapyk Park tertibi hereket edýär. Irden ekipažla...
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINIŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI MASLAHAT
2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenabat şäheriniň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi mynasybetli maslahat geçirildi. Bu çärä «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça jogäpkär ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalary...
TÜRKMENABATDA HALKARA AWTORALLISINIŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenabat şäherinde Žan-Lui Şlesseriň, «Amul-Hazar 2018» bäsleşiginiň direktory Rene Metsiň we rallä gatnaşýan meşhur türgenleriň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Mundan öň ekipažlaryň agzalaryna ilkinji ýol kitapçasyny paýladylar. Brifinge 25 ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Žan-Lui Şlesser brifingi açmak bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ralliniň guramaçylyk işlerine beren aýratyn ünsi we goldawy, awtospotyň...
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLI ÝARYŞYNYŇ DABARALY ÝÖRÜŞINE BADALGA BERILER
2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherinde «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyna bagyşlanyp dabaraly ýöriş geçiriler. Mundan başga-da, şu ýylyň 11-nji sentýabrynda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden «Amul-Hazar 2018» halkara ähmiýetli sport ýaryşyna badalga beriler. Häzirki wagtda agzalan halkara awtoralli ýaryşyna 20-den gowrak ýurtlardan 80-den köpräk ekipažlaryň gatnaşmagyna garaşylýar....