RSS

SOŇKY HABARLAR

24 Awg

GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI

2018-nji ýylyň 23-nji awgustynda Aşgabat şäherine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow iki ýurduň arasyndaky syýasy, ulag, energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşarlar. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.

DOWAMY
16 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SOÇI ŞÄHERINE IŞ SAPARYNDA BOLDY

2018-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary we geljek üçin meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde onuň möhüm ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 2017-2019-njy ýyllar üçin niýetlenen degişli Hökümetara maksatnamasy ykdysady h...

DOWAMY
13 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ V SAMMITINE GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine iş saparyny amala aşyrdy, milli Liderimiz bu ýerde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitine gatnaşdy. Sammite gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aktau şäheriniň halkara howa menzilindeTürkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Milli Liderimiz howa menzilinden Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň geçirilýän ýe...

DOWAMY
12 Awg

TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK HAKYNDAKY ŞERTNAMANYŇ TASSYKLANANDYGY BARADA HATLARY ALYŞMAKLYK GURNALDY

2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda 5-nji Hazar  sammitiniň öňüsyrasynda Aktau şäherinde 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda W.W.Putiniň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda  Aşgabatda gol çekilen, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak dabarasy boldy. Hatlary alyşmak baradaky degişli Teswirnama iki ýurduň Daşary işler ministrleri tarapyndan gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanyň Mejlisi tarap...

DOWAMY
12 Awg

TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK HAKYNDA ŞERTNAMANYŇ TASSYKLANANDYGY BARADA HAT ALYŞMAKLYK GURNALDY

2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda Aktau şäherinde 2017-nji ýylyň 18-nji aprelinde gol çekilen, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşdylar. Şertnamany alyşmak barada degişli Teswirnama iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekildi.   Ýokarda agzalan şertnama iki döwletiň arasynda deňlige, birek-birege ynanyşmaga we ähli taraplaýyn hyzmatdaşlyga  esaslanýan strategik...

DOWAMY
8 Awg

TÜRKMENISTAN WE YSRAÝYL DÖWLETI AŞGABATDA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER

2018-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapynyň wekiliýetine bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben-Swi baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, taraplar ähli ugurlarda, ýagny özaragatnaşyklaryň syýasy, sebitleýin we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň mesele...

DOWAMY
7 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýurtlar boýunça Karz bölüminiň uly geňeşçisi Kenji Hosononyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça oýlanşykly pikir alyşmalar amala aşyryldy. Taraplar  Türkmenistanyň Ýaponiýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan ustünlikli özara gatnaşyklaryň önjeýli häsiýetini nygtap geçip, bu günki däp bolan iş gatnaşyklaryň gi...

DOWAMY