RSS

SOŇKY HABARLAR

18 Iýul

PEKINDE “ÝÜPEK ÝOLY” ATLY TÜRKMENISTANYŇ ILKINJI WIZA HYZMAT EDIŞ MERKEZI AÇYLDY

2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda Pekinde “Ýüpek ýoly” atly Türkmenistanyň ilkinji wiza hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkezi döretmek hakyndaky başlangyjy öňe sürüjiler bolup Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy we Hytaýyň “Beijing Sungxiong Foreign Service сompany” atly öňdebaryjy konsalting kompaniýasy çykyş etdiler. Merkeziň açylyş dabarasyna Hytaýyň döwlet we iri hususy syýahatçylyk düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Pekinde ýerleşýän d...

DOWAMY
17 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ HOWANDARLYGYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SYÝASY FORUMYNYŇ MINISTRLER ÝYGNAGYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň howandarlygynda «Durnukly we durmuşa çydamly jemgyýete tarap özgerişler» atly durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumynyň ministrler ýygnagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Forumy açyp, ECOSOC-ň Başlygy Mariýa Çitardowa dünýäniň ýetmiş bir göterimi arassa agyz suwuny ulanmaga mümkinçiliginiň bardygy barada...

DOWAMY
14 Iýul

GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETI “AMUL – HAZAR 2018” AWTORALLISINE GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK BILEN TANYŞDYRYLDY

Minsk şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti GDA agza döwletleriniň hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) halkara awtorallisine görülýän taýýarlyk bilen tanyşdyryldy. GDA agza döwletleriniň hemişelik doly ygtyýarly wekilleri Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) sport gündeligine goşulan täze ralli bilen, Türkmenistanyň sport ulgamyndaky üstünlikleri bilen we Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmeklige...

DOWAMY
14 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝEWROPADA HOWPSUZLYK WE HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ NOBATDAKY 27-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-11-nji iýuly aralygynda Berlin şäherinde geçirilen ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky 27-nji sessiýasyna gatnaşdy. ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasy GFR-nyň Bundestagynda “ÝHHG-nyň çäklerinde borçnamalary ýerine ýetirmekde parlamentleriň ähmiýeti” diýen mowzuk boýunça geçirildi. Onuň işine ÝHHG-nyň 53 agza ýurdyndan 300-e golaý parlamentleriň agzalary, onlarça halkara guramalaryň wekilleri we Germaniýada işle...

DOWAMY
14 Iýul

TÜRKMENISTAN WE HYTAÝ OBA HOJALYK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELDÝÄRLER

2018-nji ýylyň 10-13-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýeti Pekinde duşuşyklary we gepleşikleri geçirdi. Olaryň dowamynda oba hojalyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş sapary döwlet ýolbaşçysynyň ýurduň agrosenagat toplumyna daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekmek, oba hojalyk önümleriniň ekspotyny köpeltmek we gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çaginde gurnaldy. Saparyň ilkinji gününde türkmen wekiliýeti HHR-yň Söwda ministr...

DOWAMY
12 Iýul

«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISI DÜNÝÄ BILELEŞIGINIŇ ÜNSÜNI ÖZÜNE ÇEKÝÄR

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisini ýokary guramaçylykly derejede geçirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, rallini mahabatlandyrmak we wasp etmek boýunça Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda degişli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. 2018-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda, 5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda, 9-njy iýulda  Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublik...

DOWAMY
12 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKMEN ŽURNALISTLERINIŇ SOWALLARYNA JOGAP BERDI

2018-nji ýylyň 11-nji iýulynda Hazaryň kenarynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi bilen tanşyp, ýaryşyň geçiriljek ýolunyň jemleýji tapgyrynda geçirilýän işleriň barşyna gözegçilik etdi. Milli Liderimiz ir säher bilen öňde boljak ralliniň geçjek ugrunyň jemleýji böleginiň başlanýan ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar. Milli Lid...

DOWAMY