SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA DINE UÝMAK AZATLYGY MESELELERI BOÝUNÇA TEGELEK STOLY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda dine uýmak azatlygy meseleleri boýunça tegelek stoly geçirildi. Gepleşikleriň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Müftiliginiň, şeýle hem dürli dini guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary giriş sözi bilen çyky...
TÜRKMENISTAN WE GWINEÝA-BISAU IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Gwineýa-Bisaunyň Saud Arabystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Mamadu Sano bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy berkitmeklik ugrundaky, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de mundan beýläk hem halkara guramalaryň çäklerinde özara g...
MOSKWA ŞÄHERINDE “TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI WE ONUŇ TÄSIRINE ÝANAŞMAK” ATLY MEDENI ÇÄRE GEÇIRILDI
MOSKWA ŞÄHERINDE “TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI WE ONUŇ TÄSIRINE ÝANAŞMAK” ATLY MEDENI ÇÄRE GEÇIRILDI 2018-nji ýylyň iýun aýynyň 5-ine Moskwa şäherinde “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi we onuň täsirine ýanaşmak” atly medeni çäre geçirildi. Rerihler Muzeýiniň (Gündogar döwlet muzeýiniň şahamçasy) çäklerinde we zallarynda sebitiň döwletleriniň ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň merkezi bölegi bolan Türkmen döwletiniň taryhy wezipesi bilen Beýik Ýüpek ýolunyň arabagla...
KOLUMBIÝANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
KOLUMBIÝANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY 2018-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlaryny gowşurmak maksady türkmen paýtagtyna gelen Kolumbiýanyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Alfonso Lopes Kabalýero bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen-kolumbiýa gatnaşyklaryny ösdürmek işinde jogapkärçilikli wezipesine bellenilmegi bilen Ilçini gutlap, türkmen tarapy Kolumbiýa bilen gatn...
PRESS-RELIZ
PRESS-RELIZ Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynda ýurdumyzyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin sportuň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak, halkara sport hyzmatdaşlygy meselelerindäki işjeň ýörelgelerinden ugur alyp, daşary syýasy başlangyçlaryny dünýäde geljekde ýaýbaňlandyrmak ugry aýratyn orna eýedir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72...
AŞGABATDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
AŞGABATDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI 2018-nji ýylyň 5-nji iýunynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň maslahatlar zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi - ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady. Şu halkara foruma ýurdumyzyň tebigaty goramak edaralarynyň...
ARGENTINA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA DUŞUŞYK GEÇIRDI
ARGENTINA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA DUŞUŞYK GEÇIRDI 2018-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Rikardo Ernesto Lagorionyň Türkmenistana iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklaryň instituty bilen Argentina Respublikasynyň Daşary işler we kult ministrliginiň Milli daşary gulluk...