SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ BIRINJI SENAGAT SERGISI GEÇIRILÝÄR
TÜRKMENISTANDA ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ BIRINJI SENAGAT SERGISI GEÇIRILÝÄR 2018-nji ýylyň 29-njy martynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Özbegistan Respublikasynyň Milli senagatynyň sergisi öz işine başlady. Sergini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda Söwda-senagat edarasy gurady. Bu çärä gatnaşmak üçin Özbegistanyň köpugurly senagat ulgamyna wekilçilik edýän 70-den gowrak kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň 250 wekilinden...
MOSKWA KONSERWATORIÝASYNDA NURY HALMÄMMEDOWYŇ 80-ÝYLLYK ÝUBILEÝINE BAGYŞLANYP DÖREDIJILIK AGŞAMY GEÇIRILDI
MOSKWA KONSERWATORIÝASYNDA NURY HALMÄMMEDOWYŇ 80-ÝYLLYK ÝUBILEÝINE BAGYŞLANYP DÖREDIJILIK AGŞAMY GEÇIRILDI 2018-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň 80-ýyllyk ýubileýine bagyşlap döredijilik agşamy we konsert geçirildi. Bu çäräni ýokary derejede dabaraly geçirmek üçin Türkmenist...
BIŞKEK ŞÄHERINDE «TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY TEGELEK STOL GEÇIRILDI
BIŞKEK ŞÄHERINDE «TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY TEGELEK STOL GEÇIRILDI 2018-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy ýurduň ulag we energetika diplomatiýasyny wagyz etmek maksady bilen, N.Isanow adyndaky Gyrgyz döwlet gurluşyk, ulag we arhitektura uniwersiteti bilen bilelikde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly tegelek stoly geçirdi. Tegelek stola Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili, Bişkek şäherinde ý...
“PARAHATÇYLYK PROSESI, HOWPSUZLYK ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYK WE SEBITDÄKI ARABAGLANYŞYK” ATLY OWGANYSTAN MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA MASLAHATY
“PARAHATÇYLYK PROSESI, HOWPSUZLYK ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYK WE SEBITDÄKI ARABAGLANYŞYK” ATLY OWGANYSTAN MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA MASLAHATY 2018-nji ýylyň 27-nji martynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Parahatçylyk prosesi, howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk we sebitdäki arabaglanyşyk” atly Owganystan meseleleri boýunça halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Özbegistanyň we Owganystanyň Prezidentleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respub...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KOREÝ MILLI DIPLOMATIK AKADEMIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KOREÝ MILLI DIPLOMATIK AKADEMIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK 2018-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Milli Diplomatik Akademiýasynyň kansleri j-p Ço Býong Jeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çaginde taraplar halkara gün tertibiniň meseleleri we Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy babatda pikirleri alyş...
AŞGABATDA TÜRKMEN-EÝRAN IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
AŞGABATDA TÜRKMEN-EÝRAN IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI 2018-nji ýylyň 27-nji martynda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana bolan resmi saparyna gabatlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Milli ösüş meýilnamalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek iki ýurduň işewürler toparlarynyň nobatdaky duşuşygynyň esasy meselesi boldy. Foruma gatnaşmak üçin Aşgab...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY 2018-nji ýylyň 27-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde EYR-nyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sapar wagtynda özi üçin bellenilen paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna ugrady. Gü...