RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Sen

Dünýä ülňülerine gabat gelýän Welotrek sport binasy ýaryşa taýýar

Dünýä ülňülerine gabat gelýän Welotrek sport binasy ýaryşa taýýar  Aşgabat şäheriniň kaşaň sport binalarynyň arasynda 6 000 orunluk Welotrek sport binasy aýratyn orny tutýar. Bu bina iň ýokary standartlara gabat gelýär. Binadaky 250 metrlik welotrek ýodasy üçin gerek bolan serişdeler Finlandiýadan getirildi. Gurluşygy 2014-nji ýylda tamamlanan bu binada geljekde-de dünýä derejesinde geçiriljek welosportuň trek görnüşi boýunça bäsleşikleri gurnamak meýilleşdirilýär. Aşgabat 2017-niň welospo...

DOWAMY
pic
14 Sen

Türkmen guşakly göreşçileri halkyň ynamy bilen ýeňşe sary

Türkmen guşakly göreşçileri halkyň ynamy bilen ýeňşe sary Guşakly göreş boýunça türkmen pälwanlary öňümizdäki şenbe güni başlanjak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýeňiji bolup, birnäçe medal gazanmak umydy bilen Aşgabat stadionynyň ýerasty böleginde türgenleşýärler. 2010-njy ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek ygtyýary Türkmenistan döwletine berlen gününden başlap, guşakly göreş boýunça medal gazanmak niýetini ýüreklerinde...

DOWAMY
pic
14 Sen

AFRIKALY BOSGUNLAR TOPARY SPORTUŇ ÝEŇIL ATLETIKA GÖRNÜŞI BOÝUNÇA YLGAW ÝODAJYGYNDA ÝARYŞAR

AFRIKALY BOSGUNLAR TOPARY SPORTUŇ ÝEŇIL ATLETIKA GÖRNÜŞI BOÝUNÇA YLGAW ÝODAJYGYNDA ÝARYŞAR Aşgabat 2017-ä gatnaşýan bäş türgenden ybarat bolan bosgunlar topary mälim edildi we sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Wekiliýet toparynyň ýolbaşçysy Kenýanyň meşhur ylgaýjy zenany Tegla Lorop bolup, onuň ýanynda başga-da iki sany wekil we tälimçi bolar. Bäş sany bosgun türgen bolan - Polo Amotun Lokoro (1500m), Wiýual Puok Deň (400m), Gaý Ýaň Tap (800m), Ukuk Uthu Bul (30...

DOWAMY
pic
14 Sen

Sport bilen galkynýan şäher

Sport bilen galkynýan şäher Türkmenistanyň merjen paýtagty Aşgabat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlara gatnaşjak müňlerçe türgenler, resmi wekiller we janköýerler üçin gapysyny açmaklyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar.  Aşgabat şäheri öňküden hem ajaýyplaşdy, indi bu döwrebap myhmanhanalaryň, ajaýyp ak mermer binalaryň, suw çüwdürimleriň hem-de ýadygärlikleriň mekanydyr. 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabryndan 27-nji sentýabra çenli ajaýyp Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek...

DOWAMY
pic
12 Sen

Aşgabat 2017 boýunça sanly maglumatlar

Aşgabat 2017 boýunça sanly maglumatlar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 16-njy sentýabrda badalga alar. Ýaryşyň birinji gününde Oýunlaryň medal gowşurylyş dabaralarynyň ilkinjileri (türkmen milli göreşi we jiu-jitsu boýunça) we ertesi güni, ýagny 17-nji sentýabrda Oýunlaryň açylyş dabarasy geçiriler. Yklymda geçirilýän iň uly sport çäreleriň biri bolan Aşgabat 2017 barada maglumat taýýarlananda, gurluşyk we infrastruktura, iýmit üpjünçiligi, Aziýada we Okeaniýadan...

DOWAMY
pic
12 Sen

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary – halkara neşir bäsleşiginiň ýeňijileri

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary – halkara neşir bäsleşiginiň ýeňijileri Otuzynjy Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde GDA döwletleriniň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistan tarapyndan bäsleşige hödürlenilen kitaplaryň dördüsi hem ýokary baýraklara mynasyp boldy. Şu ýyl “Kitap sungaty” bäsleşiginiň baýraklary ugrunda on ugur boýunça 87 neşir bäsleşdi. Türkmen neşirýatçylary eýýäm birnäçe gezek ýeňiji bolupdylar w...

DOWAMY
pic
12 Sen

Aşgabat Aziadasynyň ýadygärlik poçta markalarynyň toplumy

Aşgabat Aziadasynyň ýadygärlik poçta markalarynyň toplumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy. Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, beýlekisinde bolsa olaryň piktogrammalary şekillendirilendir....

DOWAMY