SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanda Belgiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipä bellenildi
2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mişel Pitermansdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly döwletara dialogy pugtalandyrmak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň ugurlary boýunça...
Türkmenistanyň Ilçisi T.Ataýew Moldowa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T. Ataýewiň Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sandua Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Kiýew şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda Ilçi Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sandua Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny...
GYRGYZYSTANDA “PYRAGY” ATLY TÄZE OÝUN GÖRKEZILDI
Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda “Pyragy” atly oýun goýuldy. Ýakynda bu teatrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan täze oýnuň görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu teatr oýny Gündogaryň medeniýetiniň we nusgawy şygryýetiň bilermenlerinde uly täsir galdyrdy. Bu oýun Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanba...
Belgiýanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mişel Pitermans (oturýan ýeri Baku ş.) bilen duşuşdy. Ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurmaklygyň çäklerinde türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipede alyp barjak işlerine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky syýasy-dip...
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Ilat Gaznasy bilen hyzmataşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Aýna Seýitliýewa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2021-2025-nji ýyllar üçin tassyklanylan ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň UNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikleri geçirdi
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň wekiliýetini...
Metbugat üçin beýannama
Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilmegi türkmen halky üçin bolşy ýaly, tutuş adamzat üçin hem şanly wakadyr. Şu ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 75 ýyllyk ýubileýini belleýär. 1948-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň umumy başlangyjy boýunça döredilen bu gurama adamlaryň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäde howpsuzlygyň üpjün edilmegine hem-de her bir adamyň nirededigine garamazdan, saglygyň we rowaçlygyň iň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçiligi...