STAMBULDA HALKARA NOWRUZ BAÝRAMY GUTLANDY
STAMBULDA HALKARA NOWRUZ BAÝRAMY GUTLANDY
Stambulda 2018-nji ýylyň 21-nji martynda Stambul şäher häkimligi, Stambul welaýat häkimligi, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan we Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan Halkara Nowruz baýramy mynasybetli konsert, sergi we kabul edişlik çäresi geçirildi. Şeýle hem çärä, uniwersitetleriň professor-mugallymlary, Stambulda ýokary bilim alýan Türkmen talyplary bilen, doganlyk ýurtlardan gelen talyplar, Stambul şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň geçirilen ýerinde, Nowruzy gutlaýan doganlyk halklaryň milli medeniýeti bilen tanyşdyrýan medeniýet öýleri-de bolan Topkapy Türk dünýäsi medeniýet etrapçasynda gatnaşyjylar öz sözlerinde, Merkezi Aziýa geografiýasynyň taryhy däpleriniň nyşany bolan nowruzy gutlaýandyklaryny bellediler. Nowruzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen doganlyk halklarynda gutlanmagy-da, bu ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Dabaraly çärede, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň milli tanslary we aýdym-sazlary ýaňlandy. Görkezilen milli sungat konsertleri dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.
Şunuň bilen birlikde, Türkiýäniň we Merkezi Aziýa döwletleriniň sungat we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi gurnaldy we gatnaşyjylara milli naz-nygmatlar hödür edilip Nowruz Baýramy mynasybetli dabaraly kabul edişlik çäresi gurnaldy. Çäräniň myhmanlary bolan Stambul welaýat häkimi Wasip Şahine we Stambul şäher häkimi Mewlüt Uýsala türkmen milli don we telpegi sowgat edildi. Milli däp-dessurlara degişli eksponatlaryň sergilenýän medeniýet öýlerinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary, milli geýimler, ýurdumyzyň syýahatçylyk kuwwaty we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan kitapçalar sergilendi.
Türkmenistanda 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek Ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhyna we baý medeniýetine eýe çykýan türkmen halky üçin bu ýylyň ähmiýeti örän uludyr. Bu ýerde, günümizde Türkmenistanyň ýokary ulag-üstaşyr kuwwatyna eýe bolandygyna ünsi çekmek gerek we bugün sebit we dünýä üçin möhüm bir merkeze öwrüldi. Türkmenistan baý energiýa we tebigy baýlyklar bilen birlikde, ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerine hem-de möhüm geo-syýasy orna eýe bolan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalaryň ýany bilen, ýurdumyzyň goňşy we dünýä ýurtlarynyň arasynda oňyn ulag hyzmatdaşlygy syýasaty hem bütin Ýewraziýa yklymynyň durnukly geljege eýe bolmagyna işjeň täsirini ýetirýär.