Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen türgenleriniň we tälimçileriniň hyzmatlaryny belledi
![photo](https://istanbul.tmconsulate.gov.tm/static/uploads/201709/ZJ5P4RNpEClQS4H4shJ5tSjXwDVjvN-920x340.jpg)
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen türgenleriniň we tälimçileriniň hyzmatlaryny belledi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň ýeňşine uly goşant goşan türkmen tälimçileriniň hem-de türgenleriniň—milli ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň üstünligini ýokary döwlet sylaglary – hormatly atlar bilen belledi.
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen dabaraly çärä Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatşynaslar, tälimçiler, meşhur türgenler gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň sport ulgamyndaky öňdengörüjilikli strategiýasy sport döwleti hökmünde eziz Watanymyzyň abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam edýär. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlarynda we bäsleşiklerinde, şol sanda Aziýanyň hem-de dünýäniň çempionatlarynda üstünlikli çykyş etmegi munuň şeýledigini tassyklaýar.
Ildeşlerimiziň “Aşgabat 2017” oýunlarynda gazanan ajaýyp netijeleri munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ýaryşlaryň ilkinji günlerinden olar öňdebaryjylygy eýeläp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldular. Türkmen türgenleri jemi 245 medala, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş hem-de 86 bürünç medallara mynasyp boldular!
Türkmen paýtagtynda ilkinji gezek guralan şeýle giň möçberli ýaryşlar eziz Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da artdyrdy. “Aşgabat-2017” oýunlarynyň üstünligi hormatly Prezidentimiziň döwlet ösüş strategiýasynyň hem-de daşary syýasatynyň milli bähbitleriň hem-de ählumumy durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň sazlaşygynyň nusgasy bolup durýandygynyň ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, şu gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş eden ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň ýokary netijeleri gazanan türgenlerini we tälimçilerini dabaraly ýagdaýda sylaglamak kararyna gelnendigini aýtdy.
Milli ýygyndy toparymyzyň wekilleri V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç, jemi 245 medal gazanyp, berkarar döwletimizde sportuň hem güýçli ösendigini bütin dünýä görkezdiler diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.
Dabaraly çäräniň dowamynda milli Liderimiz ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň tälimçilerine hem-de türgenlerine hormatly atlary dakmak hakyndaky Permanlara gol çekýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Permany okaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda tälimçilere hormatly adyň dakylandygy hakyndaky altyn nyşanlary hem-de şahadatnamalary gowşurýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda “Aşgabat 2017” oýunlarynda altyn medallara mynasyp bolan türkmen türgenlerine ýadygärlik altyn nyşanlary hem-de hormatly adyň dakylandygy hakyndaky şahadatnamalary gowşurýar.
Ýurdumyzyň tälimçileriniň hem-de türgenleriniň adyndan S.Batyrow döwlet Baştutanymyza welosiped gowşurdy.
Milli Liderimiz bu gymmatly sowgady muzeýe sowgat berýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem aýratyn tapawutlanan türgenlere has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň berilýändigini habar berdi.
Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary netijeler görkezen Türkmenistanyň ýygyndy toparyny sylaglar bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň – sagdynlygyň we bagtyýarlyk ýurdunyň halkara abraýyny artdyrmak boýunça alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.