Ýürekleri Ýakynlaşdyrýan Ýol
Ýürekleri Ýakynlaşdyrýan Ýol
Çeper söze. Ylym-bilime we döredijilige çäresiz hormat goýýan pähimdar pederlerimiz paýhas çeşmesi bolan kitaplara ozaldan mukaddeslik hökmünde garaldyrlar. Her bir kitabyň ynsanyň durmuşynda mynasyp ornuny tapmagy, nurana ertirlerimiziň eýeleri boljak ýaş nesillerimiziň döwrebap ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, zähmetsöýer we watanperwer adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähmiýeti diýseň ulydyr.
Ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerine çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz elmydama ajaýyp kitaplary bilen bagtyýar il-günümizi yzygiderli begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur many-mazmuna ýugrulan eserleriniň biri-de halkymyza sowgat eden “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabydyr. “Geçmişe zyýarat – gelejege dowamat” diýlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda Nusaý, Merw we Köneürgenç ýaly gadymy medeni ojaklaryň ençemesini birleşdirýän, Jeýhun bilen Bahry-Hazar aralygynda ýaýylyp ýatan mukaddes topragynyň goýnundan ýol alan, öz döwründe yklymlary golaýlaşdyryp, baran ýerinde dürli halklaryň ýüpeklerini ýakynlaşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň döwletleriň ykdysady we medeni ösüşlerine eden täsiri barasynda söhbet açylýar. Gözbaşyny Çyn-Mançyndan alyp gaýdýan gadymy Ýüpek ýolunyň geçen ýerinde uzaklardan howalanyp görünýän galalar, kerwensaraýlar emele gelip, diňe bir Aziýa yklymynda däl, eýsem, Ýewropa ýurtlarynda hem ykdysady gatnaşyklar ösüpdir. Munuň özi bolsa dünýä halklarynyň arasynda ykdysady-söwda gatnaşyklary bilen bir hatarda medeni ojaklaryň döremegine, ylym-bilim ugurlarynyň ösmegine öz täsirini ýetiripdir. Biz munuň şeyledigine taryhy çeşmelere esaslanýan hormatly Prezidentimiziň täze kitabyny okanymyzda has-da aýdyň göz ýetirýäris. Sebäbi milli Liderimiziň bu kitaby merdana ata-babalarymyzyň bize galdyran edebi hem medeni mirasynyň özboluşly beýany bolup, onda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy bilen bir hatarda şöhratly düýnümiz, bagtyýar şu günümiz hem-de nurana ertirlerimiz, nesillerimiziň eşretli durmuşy barasynda gürrüň edilýär.
Kitap alty bölümden ybarat bolup, onuň bäşinji bölümi bolan “Daşoguzuň gadymy topragynda” atly bölüminde Muhammet al-Horezmi, Abu Reýhan al-Biruni, Nejmeddin Kubra, Mahmyt Zamahşary we Nurmuhammet Andalyp ýaly beýik şahsyýetlerimiz dogrusynda gürrüň açylýar. Olaryň ylym-bilim, edebiýat, taryh hem-de medeniýet ugurlarynda alyp baran ylmy işleri, ölmez-ýitmez döredijiligi diňe bir türkmen halkymyza degişli bolman, eýsem, dünýä halklarynyň medeni mirasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň umumyadamzat ähmiýetli şeýle ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun!