SOŇKY HABARLAR
Baku şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň arasyndaky do...
Aşgabatda Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, filippin tarapyna bolsa Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň syýasy meseleler boýunça sekretarynyň orunbasary Leo M. Errera-Lim ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikit...
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 12–16-njy oktýabry aralygynda Ženewa şäherinde (Şweýsariýa Konfederasiýasy) BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisi geçirildi. Bu halkara forumyna Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy. Onuň çäklerinde şu ýylyň 12-nji oktýabrynda geçirilen umumy çykyşlaryň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda ynsanperwer meselele...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Baku Kongresler merkezinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasy...
Türkmenistan Jakartada ÝUNESKO-nyň seminaryna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Indoneziýanyň paýtagty Jakartada ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň ýady” maksatnamasynyň “Dokumental köpdürliligi giňeltmegiň mümkinçiligi” atly halkara okuw seminarynyň açylyşy boldy. Seminaryň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy berkitmekden, şeýle-de ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň ýady” maksatnamasynyň halkara sanawyny aýawly saklamak we oňa gymmatly dokumental mirasy hödürlemek babatda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň işgärler we tehniki mümkinçiliklerini ýokarlandyrm...
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki yzygiderli we ynanyşmaga esaslanýan gepleşikle...
Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Mikail Jabbarow duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Azerbaýjanda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ösdürilýän gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan...